Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew wideoýüzlenmesinde 'elitada gapma-garşylyk ýok, men dynç alyşda' diýýär


Nursoltan Nazarbaýew
Nursoltan Nazarbaýew

Gazagystanyň ozalky prezidenti, ýanwar aýynyň başynda ýurtda köpçülikleýin nägilelikler we tolgunyşyklar başlanaly bäri köpçülige görünmedik we hiç bir beýanat etmedik Nursoltan Nazarbaýew wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.

Ol ýurduň elitasynyň arasynda hiç hili konfliktiň ýa-da gapma-garşylygyň ýokdugyny öňe sürdi we şeýle ýagdaý barada ýaýradylan myş-myşlary esassyz diýip atlandyrdy.

Şeýle-de Nazarbaýew 2019-njy ýyldan bäri pensiýa, dynç alşa çykandygyny we häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagtynda “dynç alýandygyny" aýtdy.

Wideonyň nirede we haçan ýazgy edilendigi entek belli däl.

XS
SM
MD
LG