Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstriýanyň COVID waksinalaryny mejbury etmegine garaşylýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

20-nji ýanwarda Awstriýanyň kanunçykaryjylary ilatyň agramly bölegini mejbury ýagdaýda waksina etdirmek baradaky kanun taslamasyny makullamagyna garaşylýar. Munuň bilen, Awstriýa bu çäreleri ornaşdyran Ýewropanyň ilkinji döwleti bolar.

Fewraldan başlap 18 ýaşdan ululardan COVID-19-a garşy sanjym etdirmek talap ediler, bolmasa-da olara jerime salynar. Bu talap göwreli aýallara, şeýle-de medisina ýagdaýlary sebäpli waksina etdirip bilmeýänlere degişli bolmaz.

Häzir Awstriýanyň ilatynyň 75% waksina etdirdi.

Bu täze kanun jedelli bolmagynda galýar. On müňlerçe adam hökümetiň koronawirusa garşy ornaşdyrýan çärelerine we waksinany mejbury etdirmek baradaky planlaryna garşy dowamly demonstrasiýa geçirýärler.

Ýewropanyň käbir hökümetleri COVID-19-a garşy sanjymlaryny saglyk işgärleri we beýleki käbir pudaklaryň wekilleri üçin mejbury etdiler. Germaniýa we Fransiýa ýaly döwletler waksina etdirmedikler üçin dürli hyzmatlary we güýmenjeleri çäklendirdiler.

Awstriýadaky eksperiment, şol sanda hökümetiň bu çäreleri nä derejede ornaşdyryp biljekdigi, şeýle-de munuň pandemiýa nähili täsir ýetirjekdigi golaýdan yzarlanýar.

XS
SM
MD
LG