Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gebreýesus Berdimuhamedowyň BSG-niň ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek wezipesinde berýän ‘goldawy üçin hoşallygyny bildirdi’


BSG-niň baş direktory Tedros Gebreýesus
BSG-niň baş direktory Tedros Gebreýesus

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň (BSG) baş direktory Tedros Gebreýesus prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýyl mynasybetli ýollan gutlagynda, şol sanda BSG-ä we onuň ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek, ilatyň hemaýata mätäç gatlagyna kömek bermek hemde ähli adamlaryň saglygyny we rowaçlygyny pugtalandyrmak wezipesinde berýän yzygiderli goldawy üçin hoşallygyny bildirdi.

Gebreýesusyň bu baradaky haty 19-njy ýanwarda Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki gazetlerinde çap boldy.

Ol geçen iki ýylyň hemmeler üçin örän çylşyrymly bolandygyny aýdyp, şunuň bilen baglylykda käbir çözgütleri hem getirdi. Olaryň arasynda 2022-nji ýylyň iýul aýyna çenli her ýurtda ilatyň 70 göterimine sanjym geçirmek üçin hökümetleriň, COVID-19 waksinasyny öndürijiler hem-de hyzmatdaşlar bilen iş alyp barmalydygy bar.

Gebreýesus hatynyň soňunda 2022-nji ýylda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge ‘sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny’, sebäbi pandemiýany aradan aýyrmagyň hem-de jemgyýetleriň we ýurtlaryň hemmeler üçin has howpsuz, adalatly we sagdyn bolmagy ugrunda iş alyp barýandyklaryny hem nygtady.

Türkmen häkimiýetleri, şol sanda Berdimuhamedowyň özi hem ýurduň çäginde koronawirusyň ýeke hadysasynyň-da hasaba alynmandygy tekrarlamagyny dowam etdirýärler. Emma dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň birinden syzyp çykýan maglumatlarda wirusa ýolugýanlaryň, ondan heläk bolýanlaryň-da köpdügi bellenilýär.

Türkmenistan koronawirusyň ýokdugyny öňe sürse-de, ýurtda berk çäklendiriji düzgünleri ornaşdyrýar.

Galyberse-de, geçen noýabrda BSG-niň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça baş ofiseri Ketrin Smollwud BBC beren interwýusynda Türkmenistanyň öz çäginde COVID-19-yň ýokdugy baradaky öňe sürmesine şübhe bildiripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG