Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň käbir sebitlerinde ýol gözegçiligi güýçlendirildi, sürüjilerden COVID-19 synagynyň netijesi talap edilýär


Aşgabat (illýustrasiýa suraty) 
Aşgabat (illýustrasiýa suraty) 

Mary welaýatynyň ýollarynda polisiýanyň gözegçiligi güýçlendirildi. Ýol polisiýasynyň işgärleri adaty dokument barlagyndan daşary COVID-19 testiniň netijesini talap edýärler. Test görkezmezden, ýoluňy dowam etdirmäge rugsat berilmeýär. Bu ýagdaý ýurtda nobatdaky çäklendirmeleriň girizilmeginiň yzýanyna gabat geldi. Häkimiýetleriň görülýän çäreler barada ilaty resmi derejede habarly etmeýän wagtynda, çäklendiriji çäreler durnukly girdejisini ýitiren ilatyň aladasyny we nägileligini artdyrýar.

Şu günler etraplaryň we şäherçeleriň arasyndaky ýol gözegçilik polisiýa nokatlarynda sürüjileriň resminamalaryndan başga-da, COVID-19 synaglaryny görkezmek talap edilýär. Koronawirusyň ýokdugyny subut edýän testiň nusgasy ýok bolsa, geçmek gadagandyr. Sürüjiler yzyna gaýtmaga mejbur bolýarlar.

Azatlygyň Marydaky habarçysynyň 19-njy ýanwarda habar bermegine görä, hususan-da Baýramalynyň we Türkmengalanyň arasyndaky polisiýa nokatlarynda geçirilen barlaglarda sürüjileriň köpüsinde koronawirus testi bolmandyr we polisiýa olary yzyna öwrüpdir.

"Bu gezek sürüjiler para teklip etmek bilen hem ýoluny dowam etdirmäge rugsat alyp bilmediler. Olardan ilki bilen syýahatynyň maksadyny, soňra testiň nusgasyny soraýarlar. Synagy bolmadyklar yzyna gaýdýarlar. Polisiýa nokadynda polisiýa işgärleri, raýat geýimli milli howpsuzlyk işgärleri we medisina işgärleri bar"- diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylary welaýatyň beýleki ýerlerinde polisiýa postlaryndaky ýagdaýyň hem şuňa meňzeşdigini habar berdiler. Polisiýa işgärleri täze talaplary koronawirus keseliniň ýaýramagy bilen düşündirýärler we sürüjilere öýde galmagy hem-de hiç ýere gitmezligi maslahat berýärler.

Ozalky ýyllaryň tejribesinden awtoulag eýeleri aýlawly, şol sanda amatsyz ýollary saýlamaga synanyşýarlar. Emma bu ýollar hem indi polisiýanyň gözegçiliginde.

Türkmenistan 15-nji ýanwarda ýene bir gulplama girizdi. Ýurtda bazarlar, söwda merkezleri, hyzmat ediş kärhanalary, dynç alyş we tomaşa desgalary ýapyldy. Paýtagtyň we sebitleriň saglygy saklaýyş işgärleri COVID-19 hadysalarynyň ýene-de köpelýändigini gizlinlik şertlerinde gürrüň berdiler. Türkmenistanda koronawirus hadyslarynyň hasaba alynýandygy ýurt resmileri tarapyndan henizem tassyklanmady.

Bu aralykda, hökümetiň girizýän koronawirus çäklendirmeleri gitdigiçe has köp adamy girdejiden mahrum edýär. Soňky iki ýylda azyndan müňlerçe hususy kärhana ençeme aýlap ýapyk durdy, on müňlerçe adam girdejisiz galdy. Bu döwürde döwlet edaralary we kärhanalar işgärleriniň sanyny azaltdylar ýa-da işgärleri tölenmedik rugsada iberdiler. Ýurduň içinde hereket etmegiň we daşary ýurda syýahat etmegiň çäklendirilmegi ýurduň ýaşaýjylaryny zähmet migrasiýasyndan hem mahrum etdi. Türkmen hökümeti pandemiýanyň dowamynda girdejisiz galan ilatyna döwlet tarapyndan maddy kömegi göz öňünde tutmaýar.

Habarçylaryň sözlerine görä, bu şertlerde ilatyň nägileligi artýar. Köp adam şu günki ýagdaýyny ýurduň taryhynyň iň agyr döwürleri, 90-njy ýyllaryň iýmit kartoçkalary we Ikinji jahan urşunyň aç ýyllary bilen deňeşdirýär.

"Uruş ýyllarynda-da ilata açlykdan ölmezlik üçin azyk, ýagny çörek, kartoşka we sogan berilýärdi. Häzir olam ýok. Hökümet ilaty gazançdan mahrum edýär" - diýip, Marynyň ýaşaýjysy aýdýar.

Habarçylar häzirki gulplamanyň COVID-19 pandemiýasy sebäpli güýçlenen uzak ykdysady krizis zerarly zordan gün görýän ilat köpçüligi üçin has agyr boljagyna il içinde aladalanmalaryň artýandygyny belleýärler.

Mundan öň, iki ýylyň dowamynda ýurtda iki gezek berk çäklendirme girizildi: 2020-nji ýylyň iýulynda başlanan karantin sekiz aýa çekdi, 2021-nji ýylyň awgust aýynda başlanan karantin dört aýlap dowam etdi. Karantin çäklendirmeleriniň ählisi ilata resmi bildiriş ýa-da düşündiriş berilmezden geçirildi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG