Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz sazandasy gazak tussaghanasynda erbet ýenjilendigini, köp şikes alandygyny aýtdy


Wikram Ruzahunow
Wikram Ruzahunow

Goňşy Gazagystanyň hukuk goraýjy edaralary tarapyndan Almatyda, hökümete garşy guralan ganly demonstrasiýalar wagtynda tussag edilip, boşadylmazyndan öň telewizorda "halkara terroristi" hökmünde görkezilen tanymal gyrgyz jaz sazandasy gazak tussaglygynda gazaply ýenjilendigini aýdýar.

Wikram Ruzahunow 24-nji ýanwarda Instagramda ýerleşdiren ýazgysynda häzirki wagtda Bişkekdäki keselhanada bejergi alýandygyny, tussag wagtynda alnan şikesler sebäpli operasiýa etdirendigini aýtdy. Onuň Gazagystandaky tussaglygy Gyrgyzystanyň hökümetiniň görkezen berk garşylygyndan soň soňlandy.

Sazandanyň sözlerine görä, gazak tussaglygynda onuň döşüne şikes ýetdi, gapyrgalary döwüldi we bedeniniň bir topar ýeri gök-dalak boldy.

"Gazagystanyň habar beriş serişdeleriniň ýakasy gaýyşly wideony ýaýratmak bilen eden samsyk hereketiniň nähili giň gerimli täsiriniň boljagyny tä şu güne çenli akylyma sygdyryp bilmedim, sebäbi olar meniň jübi telefonymy, ýanyndaky ähli zatlarymy, pulumy, şahsyýetnamamy, sürüjilik şahadatnamamy, bank kartymy alyp gitdiler. Olar maňa bu zatlary gaýtaryp bermediler, hemme zat syrly ýagdaýda ýitdi" diýip, Ruzahunow ýazdy.

Gazagystanda, ýangyç bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli ýanwar aýynyň başynda başlanan hökümete garşy protestler ilki uzakdaky Žanaozen şäherinden uç alyp, az wagtda bütin ýurdy diýen ýaly gaplap aldy.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gozgalaň wagtynda eden çykyşynda "daşary ýurtdaky terrorçylyk lagerlerinde tälim alan 20,000 ekstremisti" Gazagystanyň Almaty şäherine hüjüm etmekde günäkärledi. Ol bu aýyplamasyny delillendirmek üçin hiç hili anyk subutnama görkezmedi.

Ruzahunowyň ýagdaýy gazak teleýaýlymynda efire berlen sýužetden soň belli boldy. Ol bu sýužetde näbelli bir topar tarapyndan Gazagystana gelmek we gozgalaňlara gatnaşmak üçin 200 dollara hakyna tutulandygyny aýdyp, özüne garşy görkezme berýärdi. Şol bir wagtda, efire berlen klipde Ruzahunowyň ýüzündäki görnetin tegmilleri görse bolýardy.

Ruzahunowyň muşdaklary ony ýüz keşbinden bada-bat tanansoň, bu wideo Gyrgyzystanda bir topar nägilelige sebäp boldy. Netijede, gyrgyz hökümeti Gazagystandan sazandanyň derrew boşadylmagyny resmi taýdan talap etdi.

Ruzahunow 10-njy ýanwarda Almatydan Bişkek şäherine geldi, ýöne ol şol wagt Gazagystanda gören görgüleri, başyna düşen töhmet barada kän zat aýtman, basymrak tussaglykdan boşadylmak we ýurduna dolanmak umydy bilen wideokameranyň öňünde özüne garşy galp maglumat berendigini gürrüň berdi.

Ruzahunow 24-nji ýanwarda Instagramda ýerleşdiren ýazgysynda mundan ozal eden resmi beýanatlarynyň ählisiniň "Gazagystanda henize-bu güne çenli hem zamun astynda saklanýanlaryň hatyrasyna edilendigini, olaryň aglabasynyň maşgalasynyň, çagalarynyň bardygyny, köpüsiniň maşgalada eklenç edýän, garry ene-atalaryny, maýyp uýalaryny ekleýän ýeke-täk adamlardygyny, özüniň her bir aýdan sözüniň bu adamlaryň ýagdaýyna ýaramaz täsir edip biljekdigini” aýtdy.

Umuman alanyňda, Almatydaky zorlukly wakalar wagtynda Gazagystanda Gyrgyzystanyň 10 raýaty tussag edildi. Olaryň käbiri gyrgyz hökümetiniň haýyşy boýunça derrew boşadyldy we Bişkek şäherine iberildi. Gyrgyzystanyň şol günler Gazagystanda bolan iki raýaty bidüzgünçilikler wagtynda öldi.

Gazak resmileri ýurtda bolan bidüzgünçiliklerde, 19 hukuk goraýjy işgär bilen birlikde, jemi 227 adamyň öldürilendigini habar berdiler.

Bidüzgünçilik wagtynda onlarça adamyň dereksiz ýitmegi sebäpli, adam hukuklaryny goraýjy toparlar heläk bolanlaryň sanynyň aýdylyşyndan has köp bolmagynyň mümkindigini öňe sürýärler.

Getirilýän deliller Tokaýew “göni atyp öldürmek” buýrugyny bereninden soň ýiten adamlaryň arasynda parahat demonstrasiýaçylaryň we protestlere gatnaşmadyk asuda adamlaryň hem bolandygyny görkezýär.

XS
SM
MD
LG