Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO Gündogar Ýewropa goşmaça gämilerini, söweş uçarlaryny iberýär


Ýens Stoltenberg
Ýens Stoltenberg


NATO güýçleri taýýarlyk ýagdaýyna getirendigini we rus goşunlarynyň Ukrainanyň golaýynda toplanmagy bilen bagly aladalaryň arasynda Gündogar Ýewropa goşmaça gämileri we söweş uçarlaryny iberýändigini aýdýar.

"NATO ähli ýaranlaryny goramak we penalamak, şol sanda Demirgazyk atlantik bileleşiginiň gündogar bölegini güýçlendirmek üçin zerur bolan ähli çäräni görmegini dowam etdirer. Biz özümiziň howpsuzlyk gurşawymyzyň islendik görnüşdäki ýaramazlaşmagyna garşy hemişe gaýtawul bereris" diýip, NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenbergiň beýanatynda aýdylýar.

Bileleşik Baltika deňzi sebitindäki "öňüni alyş çärelerini" güýçlendirýändigini, sebäbi birnäçe agzasynyň goşun we enjam hödürländigini aýtdy.

Beýanatda bellenmegine görä, Daniýa soňky günlerde Baltika ýurtlaryna gämi we uruş uçarlaryny ibermek kararyna geldi, Ispaniýa deňiz güýçlerini berkitmek, Gollandiýa bolsa, gyssagly çäre görüş güýçlerini taýýar ýagdaýa getirip, ätiýaçda duran harby-deňiz goşunlaryny, gämi we gury ýer güýçlerini tijemek bilen meşgul.

"Fransiýa özüniň NATO-nyň ýolbaşçylygynda Rumyniýa goşun ibermäge taýýardygyny mälim etdi" diýip, beýanatda bellenýär.

Bu çäreler Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň Ukrainany goldamak meselesinde aýgytlydyklaryny görkezmek tagallalarynyň çäginde görülýär.

“Ýewropa Bileleşiginiň ähli agzasy birleşen. ABŞ bilen berk utgaşyklykda, biz Ukrainadaky ýagdaý barada görlüp-eşidilmedik derejedäki jebisligimizi görkezýäris” diýip, ÝB-niň daşary syýasat başlygy Jozep Borrel Brýusselde žurnalistlere aýtdy.

XS
SM
MD
LG