Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iň uzak gije. 'Talyplar' döwründe Owganystanyň gündelik durmuşy


Kabulyň köçesi. 2022-nji ýylyň 3-nji ýanwary.
Kabulyň köçesi. 2022-nji ýylyň 3-nji ýanwary.

Mydama duýlup duran howp-hatar, ýagdaýyň yzygiderli çalt üýtgemegi, düşnüksiz gadaganlyklar, esasy we ownuk garyplyk, işsizlik, aýallaryň kemsidilmegi, ilatyň iň bilimli böleginiň ýurtdan gaçmagy hem-de ganly raýat uruş howpy – ol ýerden gaçanlaryň maglumatyna görä, talyplar ýeňiş gazanandan soň, Owganystandaky durmuş şeýle boldy.

Ýylyň iň uzyn gijesinde, 21-nji dekabryň öňüsyrasynda, Kabulyň ýaşaýjysy 23 ýaşly Maliha Zafari we onuň joralary gadymy eýran baýramçylygy Şab-e Ýaldany bellemäge gidýärler. Dar otagda kümüş sapaklar bilen tikilen uzyn, gyrmyzy matanyň töweregine 40 çemesi aýal ýygnanýar. Käbirleri gara we çal kürtekçe geýýärler, köpüsi adaty açyk matadan tikilen köýnek geýýärler. Ol geýimleriň etegi altyn sapaklar bilen bezelipdir, şolar ýaly nagyş aýallaryň kellesini örtýän ýeňil ýaglyklarynda hem bar. Aýal-gyzlar aýdym aýdýarlar, aýdym-sazyň ýaňlanmagyna el çarpýarlar. Zafari: "Biz köne eýran aýdymyny aýdýarys, bu bize iň bolmanda, az wagtlyk şatlanmaga kömek edýär" diýýär.

Ýalda baýramçylygy gadymy zaratuştaçylyk däbinden gözbaş alyp gaýdýar, ol garaňkylygyň üstünden Günüň ýeňşini alamatlandyrýar. Dünýäniň köp böleginde – Eýranda, Täjigistanda, ABŞ-da ýaşaýan şaýy diasporasynyň arasynda bellenilýär. Ýöne häzirki Owganystanda, Kabuldaky adamlaryň her gün iýjek iýmitini tapmak üçin göreşýän döwründe, ol baýramçylygy bellemegiň aýratyn manysy bar. "Biz baýramy howpsuz ýerde belleýäris, sebäbi bu gadagan edildi" diýip, Zafari aýdýar.

Owganystanyň Paktik welaýatyndaky ýerli mekdep. 2021-nji ýylyň noýabry. Bu ýere entek aýallar gelip bilýärler.
Owganystanyň Paktik welaýatyndaky ýerli mekdep. 2021-nji ýylyň noýabry. Bu ýere entek aýallar gelip bilýärler.

“Ýalda gijesi gutarman, hakyky ertir gelmez” diýip, XIII asyryň ahyrynda, eýranly şahyr Saadi aýdypdyr. Häzirki wagtda owganly şaýylar üçin, bu baýramçylyk çydamlylygyň we geljege bolan umydyň azajyk nyşany bolýar.

Owganystanda şaýy musulmanlary, aýratyn-da, hazaralaryň gyş paslyndaky iň uzak gijäni gizlin baýram edýän wagtynda, Kabuldan on ýarym müň kilometr uzaklykda ýerleşýän ABŞ-nyň Boston şäherindäki bosgunlar merkeziniň otagynda, bir ýaş ýigit aglaýar. Ol entek 30 ýaşyna-da ýetmedik Jabar Kaderi: "Men prezident Aşraf Ganiniň administrasiýa ýolbaşçysynyň birinji sekretary boldum, üç aý mundan ozal sentýabryň başynda Boston şäherine geldim" diýýär.

Bir pursadyň içinde

2021-nji ýylyň 15-nji awgustynda Kabul “Talybana” tabyn edilende, Kaderi prezident köşgündäki öz ofisinde oturan eken. "Biziň hemmämiz bir zadyň bolmagyna garaşýardyk, ýöne Kabul birnäçe sagadyň içinde ýykylar öýtmändim" diýip gürrüň berýär.

Gani häkimiýeti Bütin Owganystanyň ýaşulular geňeşine – Loýa Jirgä geçirer diýlip çaklanýardy. Emma "Talyban" soňky pursatda bu teklipden ýüz öwürdi: olara diňe ýeňiş gerekdi. Jabar Kaderi prezident gaçandan gysga wagt soň köşkden çykypdyr. "Köşgüň howpsuzlyk gullugy awtoulaglary goýbermedi" diýip, sözüniň üstüni ýetirýär. Jabar sürüjisi bilen şahsy awtoulagyny taşlap, öýüne pyýada gaýdýar. Ol tä öýüne ýetýänçä, bir ýarym sagat çemesi ýoly aglap geçipdir.

Awgust aýynyň şol ýekşenbe güni irden Maliha Zafari uniwersitetdäki sapaga gidipdir. Ol Owganystandaky ikinji iň uly okuw jaýy bolan Kabul politehniki uniwersitetiniň Suw serişdeleri we daşky gurşaw fakultetiniň gidrawlika gurluşlar bölüminiň üçünji ýyl talybydy. Tizara professor studentlere öýlerine gitmegiň amatly boljakdygyny aýdypdyr. Awtoulag gatnawy bolmansoň, ol öýlerine pyýada gaýdypdyr.

Jabar Kaderi uzak ýoluň dowamynda, azajyk dynç alansoň, ýagdaýyň nähilidigini görmek üçin, şäher merkezine gitmegi ýüregine düwýär. Kabulyň günbatar böleginde, onuň iň gowy görýän kafesiniň golaýynda ilkinji gezek talyplary görýär. "Şol pursat dünýäm gapyşdy. Bütin ömrüme olaryň Kabuly görmezligini işledim. Olar bolsa bu ýerdedi".

“Prezident Ganiniň gaçmagynyň bir gowy tarapy bar: bizde ýene bir raýat urşy bolmady. Her gün meniň iş ýolum prezident köşgi toplumynyň içindäki meýdançadan geçýärdi, şol ýerde 1996-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda, “Talyban” ilkinji gezek häkimiýet başyna gelende, gynamalardan soň rehimsizlik bilen öldürilen Owganystanyň öňki prezidenti Muhammet Nejibullanyň jesedini asyp goýupdy. Şeýle-de bolup bilerdi" diýip, Jabar Kaderi pikir ýöredýär.

“Talyban” söweşijileri paýtagtyň etegindäki Wazir Akbar Han belentliginden, Kabuly synlaýarlar. 2022-nji ýylyň 10-njy ýanwary.
“Talyban” söweşijileri paýtagtyň etegindäki Wazir Akbar Han belentliginden, Kabuly synlaýarlar. 2022-nji ýylyň 10-njy ýanwary.

Talyplaryň täzeligi

Kabul häzir düýbünden başga şähere öwrüldi. Kafeler we restoranlar ýapyk, aýal-gyzlar görünmeýär, olar bolsa Kabuldaky kiçi we orta kärhanalaryň takmynan üçden birine eýeçilik edýärdi. Aýallar indi döwlet sektorynda işläp bilmeýärler, olara döwlet uniwersitetlerinde okamak hem gadagan. "Aýal mugallymlar, aýal inženerler – olaryň ählisi öýde oturýarlar" diýip, Maliha Zafari aýdýar.

Belli bir ýaşdan geçen gyzlara (käbir welaýatlardan başga) hatda mekdeplerde-de okamak gadagan. Resmi taýdan aýallar henizem hususy uniwersitetlerde ýokary bilim alyp bilýärler, ýöne iş ýüzünde bu mümkin däl. "Hususy uniwersitetde okamak islämok, ol ýerde bilimiň hili pes, üstesine häzirki wagtda okuw üçin töläp hem bilmeris" diýip, Maliha Zafari öz pikirini mälim edýär.

Jabar Kaderiniň kakasy mekdep mugallymy, oňa bäş aý bäri hak tölenmeýär. ABŞ gelen Jabardan we onuň ýazyjy aýal dogany, romanlary Amerikanyň The New York Times neşirinden gowy seslenme alan Homeýradan başga-da, maşgalada eklemeli çagalar bar. Iýmit satyn almak üçin, Safar Zafar ilki köne noutbukyny satdy, soň bolsa kitaplaryny satyp başlady.

Jabar Kaderi
Jabar Kaderi

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň sentýabr aýyndaky hasabatynda, häzirki wagtda Owganystanyň ilatynyň 72%-niň garyplyk çäginden aşakdadygy aýdylýar. 2022-nji ýylyň ortalarynda, garyp adamlaryň sany ilatyň 97%-e çenli ýokarlanmagyna garaşylýandygy bellenýär.

"Geçen ýyl bizde ekin hasyly az boldy, bu ýyl hem ýeterlik ýagyş ýagmady. Daýhanlar özlerini ekläp bilmezler" diýip, Kaderi düşündirýär.

"Meniň kakam azyk dükanynyň eýesi, bizde iýmit başgalara garanda kadaly. Ýöne goňşularymyz açlyk çekýär. Çagalaryny satýan maşgalalar bar. Meniň bagtym çüwdi, maşgalam bilim almak islegimi goldaýar, ýöne gyz joralarym äre çykdylar, olaryň başga çäresi bolmady" diýip, Maliha Zafari gürrüň berýär.

Kabuldaky Aýallar we jynsy barlaglar uniwersitetiniň birinji ýyl talyby hem-de UNICEF-iň Owganystandaky öňki işgäri 28 ýaşly Şükriýa Şahin “Talyban” Kabuly eýeläninde, on günläp öýünden çykmandyr.

"Maňa daşary ýurtlular bilen işleşýändigim üçin, janymdan gorkmaga esas bardy" diýýär. Häzir ol öz doganoglanyna durmuşa çykyp, Eýrana gitmäge mejbur bolupdyr.

"Aýal doganym munuň iň gowy mümkinçilik bolandygyny aýdýar. Ýöne wiza almak hem ýurtdan çykmak gaty kyn, biziň bagtymyz getirdi" diýip, Şahin sözüne goşýar.

"Aýallaryň durmuşyny bozmak bilen olar erkekleriň durmuşyny-da zaýalaýarlar. Munuň özi giň owgan maşgalasynyň derejesini üýtgeşmä ýetirip biljek gural" diýip, Owgan syýasatyny öwrenmek merkeziniň ýolbaşçysy Andreý Serenko bu meselä ünsi çekýär.

Şahiniň gorkusy esassyz däl, talyplar ilki günlerde öýme-öý aýlanypdyrlar. "Olar Prezident administrasiýasynyň öňki işgärlerini gözlediler. Mundan başga-da, “Talyban” ýaraglary we ulaglary, aýratyn-da polisiýa we harby ulaglary konfiskasiýa etdiler. Şondan soň "Talyban" öňki hökümet bilen işleşenleriň ählisine amnistiýa yglan etdi, ýöne owganlar muňa ynanmadylar. Sosial ulgamlarda, bir welaýatda 20 ýaşdan geçen aýalyň talyp bilen durmuş gurmakdan ýüz öwrendigi üçin, daşlanyp öldürilendigi hakda myş-myşlar ýaýrady, bu ýerli ýaşaýjylaryň gorkusyny artdyrdy" diýip, Jabar Kaderi takyklaýar.

Öňki gözellik salonynyň girelgesi. Kabul, 2021-nji ýylyň oktýabry.
Öňki gözellik salonynyň girelgesi. Kabul, 2021-nji ýylyň oktýabry.

2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň başynda “Ethilaat Ruz” gündelik neşiriň işgärleri Nemat Nakdi bilen Taki Darýabiniň aýal-gyzlara gönügen diskriminasiýa garşy çykyşlary üçin, “Talyban” tarapyndan tussag edilendigini köp sanly habar serişdeleri ýazdy. Gynamalaryň netijesinde Nakdi gözüni we eşitmek ukybyny ýitirdi. "Indi eliňizde Günbatar tarapdary bolan gazet bilen görnüp bilmersiňiz" diýip, Aly gürrüň berýär. Owganlylar üçin iň bolmanda käbir obýektiw maglumatlary ýaýradýan habar serişdeleriniň redaksiýalary, meselem, BBC Dari we Azadi Radio (Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugy) daşary ýurtlarda ýerleşýär.

Ýarym uruş döwrüniň bulaşyk şertlerinde täze hökümet tarapyndan kesgitlenen takyk düzgünler ýa-da düzgün bozmalar üçin, kesgitli jeza çäreleri ýok. "Olar dem alyp bolmajak gurşawy döretdiler” diýip, Jabar Kaderi aýdýar.

"Talyban" ministrligi ahlaklylygy wagyz etmek we erbetlikleri ýok etmek üçin, käbir resmi gadaganlyklar resmiler tarapyndan ilatyň dykgatyna ýetirildi. Şeýle-de bolsa, olar muny özlerine adaty usulda, esasanam, ýol barlaglaryndaky punktlaryň üsti bilen ýaýradýarlar. Şol bir wagtyň özünde, orta derejeli talyp liderleriniň köpüsiniň bilim derejesiniň pes bolmagy sebäpli ol düzgünler we kadalar iň rehimsiz ýagdaýda ulanylýar. “Talybanyň” köp bölegi daglyk sebitlerde önüp-ösen adamlar, şäher durmuşy barada hiç zat bilmeýär we internedi ulanmaýarlar" diýip, Andreý Serenko tassyklaýar.

Şonuň üçinem Kabuly häzirlikçe dürli “Talyban” taýpalary dolandyrýar, şoňa laýyklykda şäheriň dürli mähellesinde düzgünler üýtgäp biler. "Düzgün bozmalary duýsalar, köplenç ýagdaýda haýsydyr bir jeza bermäge synanyşarlar. Birinji gezek, belki, käýinerler, ikinjisinde urarlar. Üçünji gezekde näme boljagyny häzirki Owganystanyň ýaşaýjylary bilmek islemeýär” diýip, Aly aýdýar.

Ýewropa gazetlerinden başga-da, Owganystanda ýewropa biçüwli eşikler gadagan hem sakgal syrdyrmak bolmaýar. "Köçede futbolka geýen bir adamy görseler, gelip: ‘bu yslama laýyk däl’ diýýärler” diýip, Şükriýa Şahin aýdýar. Jabar Kaderi bolsa: "Meniň dostlarym indi sakgal-saçyny syrmaýarlar. “Talyban” sakgal syrmagy gadagan etmedigem bolsa, olar şeýle bolmagy ygtybarly hasaplaýarlar" diýýär. Bu ýerde hatda dünýewi aýdym-saz hem gadagan edildi. "Talyplar köçede saklap, telefonlary barlaýarlar. Olar telefonyňdan aýdym-saz tapmaly däldir" diýip, Aly zeýrenýär. Şeýle owunjak gadaganlyklar toplumy arkaly, “Talyban” ilata boýun egmegi öwredýär. "Olar şeýle gadaganlyklary adamlaryň öňki durmuş endiklerini bozup biljek gural hökmünde ulanýarlar" diýip, syýasy bilermen Andreý Serenko aýdýar.

Talyplar Kabulyň haýwanat bagynda. 2021-nji ýylyň awgusty.
Talyplar Kabulyň haýwanat bagynda. 2021-nji ýylyň awgusty.

Okuw meýilnamalarynda-da düýpli özgeriş geçirildi. "Iňlis dili aýryldy, taryhy öwretmek üýtgedildi, oňa derek yslamy öwrenmek bilen baglanyşykly sapaklar goşuldy" diýip, Aly aýdýar. "Talyban" gelmezinden ozal ol hususy merkezde 50 okuwça iňlis dilini öwredýän eken. Indi iňlis dilini mugt hem gizlin öwretmegi dowam etdirýär. Okuwçylarynyň on töweregi haly fabriginiň binasyna ýygnanýarlar. Fabrigiň ähli işgäri etnik hazaralar. Olar iňlis diliniň gadagan edileninden habarly. Aly bu işi üçin özüniň satylmajagyna ynanýar. Eger sapak wagtynda "Talyban" gelse, işçiler ýetginjekleriň we Alynyň fabrikde işleýändiklerini aýdýarlar. "Hazaralar birek-birege dönüklik etmezler. Biz bir asyrdan gowrak wagt bäri kemsidilip gelýäris” diýip, ol aýdýar.

Hazaralylar ýaňadan öz janlaryndan gorkýarlar. 2021-nji ýylyň awgust aýynda Amnesty International halkara adam hukuklary guramasy Gazna welaýatynda “Talyban” tarapyndan öldürilen dokuz sany hazaraly barada habar berdi. Şeýle hem olar “Talyban” tarapyndan ýöredilýän syýasaty bilen ýerleriň gaýtadan paýlanmagy netijesinde göçmäge mejbur edilýär. Ynsan hukuklaryny goraýjy beýleki bir gurama bolan Human Rights Watch 2021-nji ýylyň sentýabrynda Daýkundi we Uruzgan welaýatlarynda zor bilen göçürilmekden bu etnik toparyň 2800 agzasynyň kynçylyk çekendigini aýdýar. Umuman alanyňda, BMG-niň hasaplamalaryna görä, 2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda, owgan ilatynyň takmynan 9%-i oturymly ýerlerinden göçürildi.

Kabuldaky hazara şaýy metjidi häzirlikçe açyk. 2021-nji ýylyň oktýabry.
Kabuldaky hazara şaýy metjidi häzirlikçe açyk. 2021-nji ýylyň oktýabry.

Uzakdaky umyt

Owganlylaryň aýtmagyna görä, Owganystandaky häzirki ykdysady krizisiň esasan iki sebäbi bar. Beýniniň akmagy, ýurduň iň bilimli wekilleriniň ýurtdan çykmagy hem-de daşary ýurt maliýe goldawynyň bolmazlygy. Ganiniň döwründe býujetiň takmynan 70%-i daşary ýurtlardan alyndy. "Biz heläkçiligiň gyrasynda" diýip, öňki gullukçy Jabar Kaderi ýagdaýa baha berýär. Şeýle-de bolsa, onuň pikirine görä, heläkçilik diňe bir 2021-nji ýylyň awgust aýynda ABŞ-nyň Owganystanyň Merkezi bank hasaplaryny doňdurmagy hem-de Bütindünýä bankynyň Owganystandaky taslamalarynyň maliýeleşdirilmeginiň togtadylmagy sebäpli bolmaz. "Talyplar bary bir ol pullary dolandyryp bilmezler. Olar diňe uruşmagy başarýarlar" diýip, Kaderi hasap edýär.

Owgan bosgunlarynyň talyp režimine garşy protesti, ABŞ, Boston. 2021-nji ýylyň dekabry.
Owgan bosgunlarynyň talyp režimine garşy protesti, ABŞ, Boston. 2021-nji ýylyň dekabry.

Olar häzir häkimiýet ugrunda göreşýärler. Mundan başga-da, Owganystanyň çäginde "Yslam döwleti" we "Al-Kaýda" terrorçylyk toparlary hereket edýärler. Kähalatlarda olar birek-biregi we “Talyban” bilen ýaranlyga gidýärler, ýöne köplenç biri-biri bilen söweşýär. Owganlylaryň aýtmagyna görä, ýazyň gelmegi bilen çaknyşyklaryň hasam güýçlenmegi mümkin. "Ýazda uruş başlar" diýip, Kaderi hem ynanýar.

"Owganystanda fundamentalizm ýeňiş gazansa, uruş uzak ýyllap dowam eder" diýip, "Talyban" tarapyndan öldürilen Owganystanyň öňki prezidenti Muhammet Najibulla 1992-nji ýylda The New York Times gazetine beren interwýusynda aýdypdy. Häzirki wagtda, otuz ýyldan soň Owganystanda fundamentalizm höküm sürýär.

Owganystanyň soňky prezidenti Aşraf Ganiniň administrasiýasynyň öňki işgäri Jabar Kaderi häzirki wagtda Bostonyň Bosgunlar we immigrantlar merkezinde işleýär. Onuň geljege bolan ýagşy umydy bar – Garward uniwersitetine girmek hem etnik we dini gapma-garşylyklary parahatçylykly çözmegiň ýollary barada dissertasiýa ýazmak. Ýöne onuň we şolar ýaly Owganystanyň ýaş nesliniň täzeden döreden Kabul şäheri hem onuň “Talybanyň” eline geçendigi barada gürrüň gideninde, Jabar aglap başlaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýä

XS
SM
MD
LG