Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Merkezi banky içerki bazarda daşary ýurt walýutasynyň satyn alynmagyny togtatdy


Russiýanyň Merkezi banky 24-nji ýanwarda, birinji gün sagat 15:00-dan içerki bazarda daşary ýurt walýutasynyň býujet düzgüni esasynda satyn alynmagyny togtatdy. Bu barada bankyň web sahypasynda habar berildi.

"Daşary ýurt walýutasyny satyn almak işini dowam etdirmek karary, maliýe düzgünleri mehanizmini berjaý etmegiň çäginde, maliýe bazarlaryndaky hakyky ýagdaýy göz öňünde tutmak esasynda dikeldiler" diýip, Merkezi bank aýtdy.

Biraz öň rubl günüň dowamynda köp aýlyk minimuma çenli pese gaçdy. Iň ýokary derejede dollar 79,4 rubl bahalandy, ýewro bolsa 89,8 rubl boldy.

Moskwa biržasynyň we RTS-iň görkezijileri hem pese gaçdy. Bu NATO-nyň, Russiýanyň Ukraina çozmak ähtimallygy howpuna jogap hökmünde, Gündogar Ýewropadaky taýýarlyk ýagdaýyny güýçlendirmek barada eden beýanatlarynyň fonunda boldy.

Merkezi bankyň yglan eden beýanatyndan soň rublyň hümmeti birneme ýokarlandy.

XS
SM
MD
LG