Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan ýurda girilendäki hökmany synagy ýatyrýar


Özbegistanyň SaglyK ministrliginiň metbugat gullugy 25-nji ýanwardan başlap halkara howa menzillerinde, demirýol menzillerinde we serhet nokatlarynda koronawirus ýokuşmasyny hökmany ýagdaýda çalt barlamak talaplarynyň ýatyrylandygyny habar berdi.

15-nji ýanwardan başlap, koronawirus ýokuşan adamlaryň sanynyň ep-esli artmagy sebäpli, Özbegistanda Koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreşýän ýörite komissiýa respublikanyň içine girmegiň düzgünlerini berkitdi.

Ýurda gelenleriň hemmesiniň diňe bir koronowirus barlagy boýunça 48 sagatdan uzak wagt geçmedik negatiw synagynyň bolmagy däl, eýsem COVID-19 barlagy boýunça çalt synagdan geçmegi hem talap edilýärdi. Bu synagyň bahasy 5 dollardy.

Saglyk işgärleriniň aýtmaklaryna görä, elinde negatiw netijeli şahadatnamasy bolan ýolagçylaryň gaýtadan, täze synagdan geçmeginiň talap edilmegi koronawirus synagyndan geçen adamlaryň arasynda hem koronawirus näsaglarynyň ýüze çykarylmagy sebäpli zerur tapyldy.

Emma muňa garamazdan, hökmany ekspres-synagyň geçirilmegi ägirt uly nobatlaryň döremegine, ýolagçylaryň esasly nägilelik bildirmegine sebäp boldy.

Synaglary geçirmek we tölegleri kabul etmek üçin zerur bolan ýerleriň ýeterlik bolmazlygy köpçülikleýin nägilelik döretdi we ýapyk ýerlerde ýygnanan adamlaryň sanynyň aşa köpelmegi ýokanç keseliň has köp ýaýramak ähtimallygy baradaky aladalary güýçlendirdi.

Soňky maglumatlara görä, respublikada koronawirus ýokuşan näsaglaryň 215 063 sanysy ýüze çykaryldy, 204 217 näsag gutuldy we 1542 näsag ýogaldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG