Sebitiň elektrik ulgamyndaky kynçylyklar sebäpli, Gyrgyzystanyň ähli ýerinde we goňşy Gazagystanyň, Özbegistanyň käbir böleklerinde elektrik togy kesildi.
Gyrgyzystanyň Energetika we senagat ministrliginiň metbugat wekili Jiide Zootbekowanyň 25-nji ýanwarda aýdan sözlerine görä, elektrik togunyň kesilmegine Merkezi Aziýanyň üç ýurduny birleşdirýän bitewi energiýa ulgamynda dörän anyklanmdyk problemalar sebäp boldy.
Şeýle-de ol Gyrgyzystanyň käbir ýerlerinde energiýa üpjünçiliginiň dikeldilendigini aýtdy.
Özbegistanyň Energetika ministrligi ýerli wagt bilen irden sagat 11: 00-da (Praga wagty bilen sagat 7:00-da) bolan tok kesilmesiniň paýtagt Daşkende we Fergana, Sirdarýa, Jizak, Samarkant, Nawoýi we Kaşkadarýo töwereklerinde ilatyň toksuz galmagyna getirendigini aýtdy.
Özbegiýanyň Adatdan daşary ýagdaý ministrligi halas ediş toparynyň Daşkendiň golaýyndaky Amirsoý kurortyna iberilendigini, elektrik togunyň kesilmegi netijesinde bir topar syýahatçynyň liflerde galandygyny aýtdy.
Sebitara ulgam meselesi Gazagystanyň Almaty şäherinde we günortadaky Şimkent, Taraz we Taldykorgan şäherlerinde elektrik togunyň kesilmegine sebäp boldy.
Almaty şäheriniň birnäçe etrabynda togyň gysga wagtlaýyn kesilmeden soň dikeldilendigi habar berildi.
Gazagystanyň bitewi elektrik ulgamynyň ulgam operatory (KEGOC) tok kesilmesiniň sebäbini, Gyrgyzystandaky we Özbegistandaky tok bölüji ulgamlar kynçylyga sezewar bolanyndan soň, ýurduň günortasyna we günorta-gündogaryna goşmaça elektrik togunyň iberilmegi bilen düşündirdi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.