Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Nawalnyny "terrorçylar sanawyna" goşýar


Hökümetiň ýurduň raýat jemgyýetine garşy ýaýbaňlandyryan hüjümini dowam etdirmegi bilen, Orsýet kreml tankytçysy Alekseý Nawalnyny we onuň birnäçe ýaranyny "terroristler we ekstremistler" sanawyna goşdy.

Nawalny we onuň bäş ýoldaşy, Lýubow Sobol, Wýaçeslaw Gimadi, Georgi Alburow, Liliýa Çanişewa we Ruslan Şaweddinow 25-nji ýanwarda “Rosfinmonitoring” sanawynda sagçy milletçi toparlar we "Talyban" we "Yslam döwleti" diýlip atlandyrylýan guramalar ýaly, daşary ýurtly terroristler bilen deň derejede goýuldy.

Bular Nawalnynyň häzirki wagtda gadagan edilen syýasy guramasyna we raýat jemgyýetine garşy alnyp barylýan uly basyşlaryň çäginde görlen soňky çäre boldy.

Iki hepdä golaý öň bu sanawa Nawalnynyň beýleki iki ýakyn ýoldaşy Leonid Wolkow we Iwan Ždanow goşuldy.

Bu sanawa goşulan adamlaryň bank hasaplary, kanun boýunça, derrew doňdurylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG