Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-da omikrona garşy waksinanyň barlaglary geçirilýär


Kompaniýalar ABŞ-da 1 müň 400 adamda test geçirip, waksinanyň howpsuzlygyny öwrenjekdiklerini aýtdylar.

Birleşen Ştatlaryň farmasewtiki kärhanasy Pfizer özüniň germaniýaly hyzmatdaşy BioNTech bilen birlikde koronawirusyň omikron görnüşine garşy waksinanyň kliniki barlaglaryna girişendiklerini mälim etdi.

Pfizer we BioNTech testleriň çäginde waksina etdirmedikler üçin üç tapgyr sanjym, şeýle-de ozal özüniň bar bolan wakisnasyny iki tapgyr sanjym etdirenler üçin goşmaça sanjym barlaglaryny geçirmegi planlaşdyrýarlar.

Kompaniýalar ABŞ-da 1 müň 400 adamda test geçirip, waksinanyň howpsuzlygyny öwrenjekdiklerini aýtdylar.

Şu aýyň başynda kompaniýalar, häzirki COVID-19-a garşy waksinasynyň omikrona garşy doly goragy üpjün etmeýändigini ykrar edenden soň, täze waksinanyň önümçiligine başlandyklaryny mälim etdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG