Eýranyň sudy fransuz syýahatçysyny içalyçylykda we Eýranyň yslam ulgamyna garşy propaganda etmekde günäli tapyp, sekiz ýyl we sekiz aý türme tussaglygyna höküm etdi. Bu barada onuň Pariždäki aklawçysy habar berdi we sud diňlenişigini “masgaraçylyk” atlandyrdy.
25-nji ýanwarda Fransiýanyň Daşary işler ministrligi Benžamin Briere çykarylan hökümi “kabul ederliksiz” diýip häsiýetlendirdi.
36 ýaşly Briere 2020-nji ýylyň maýynda Türkmenistan-Eýran serhedine golaý çöllük bir ýerde drony uçuranyndan soň tussag edildi.
Onuň maşgalasy ýakynynyň bigünädigini, şeýle-de onuň syýasy girew hökmünde ulanylýandygyny aýdýar.
Hukuk toparlary Eýrany daşary ýurtly tussaglary Günbatar bilen gepleşiklerinde ulanmakda aýyplaýarlar.