Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada tussag edilen türkmen raýaty Jumadurdyýew azatlyga goýberildi


Ahmet Jumadurdyýew (arhiw suraty)
Ahmet Jumadurdyýew (arhiw suraty)

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde 24-nji ýanwarda saklanan türkmen raýaty Ahmet Jumadurdyýew prokuraturanyň karary bilen, 25-nji ýanwarda giçlik azatlyga goýberildi. Bu barada adam hukuklary boýunça “Memorial” merkezi habar berýär.

Jumadurdyýew watany – Türkmenistanda dini sebäplere görä yzarlanýar. Onuň 24-nji ýanwarda Sankt-Peterburgda "Çkalowskaýa" metro stansiýasynda resminamalary barlananda, onuň halkara gözlege yglan edilendigi aýan bolupdyr we ol şol ýerde tussag edilipdir.

Gyssagly barlagyň netijesinde Jumadurdyýewiň Russiýada wagtlaýyn gaçybatalga sorandygy, şeýle-de Federal Howpsuzlyk Gullugunyň ýurtda galmagyny gadagan etmegine garşy şikaýat etjekdigi anyklandy.

2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça sudy Jumadurdyýewiň işi boýunça 39-njy maddany ulanmak barada karar çykardy. 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýewropanyň adam hukuklary boýunça bu abraýly edarasy Russiýanyň türkmen raýaty Ahmet Jumadurdyýewiň kazyýet işleri tamamlanýança ony öz watanyna ekstradisiýa etmegi gadagan etdi.

Munuň netijesinde, şäheriň prokurory Içeri işler ministrligiň Sankt-Peterburg şäheri boýunça baş müdürligine degişli haty ýollap, Ýewropanyň adam hukuklary boýunça sudunyň kararynyň berjaý edilmeginiň gerekdigini belläp, onuň mundan beýläk tussaglykda saklanmagynyň bikanundygyny hem nygtapdyr.

Jumadurdyýew şol günüň özünde ýerli wagt bilen 19 töweregi azatlyga goýberildi.

XS
SM
MD
LG