Birleşen Ştatlar, serhet ýakasynda toplanan rus goşunlarynyň gündogardaky goňşynyň üstüne çozmagyň başlangyjy bolmagy baradaky aladalar arasynda, Moskwanyň Ukrainanyň geljekde NATO-a girmegini gadagan etmek baradaky talabyny ret etdi, ýöne bu krizisden çykmak üçin, öz sözleri bilen aýdylanda, "çynlakaý diplomatik ýodany" teklip etdi.
Waşington 26-njy ýanwarda Russiýanyň howpsuzlyk talaplaryna ýazmaça jogap berdi. ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken bolsa, Moskwanyň aladalaryna "prinsipial we pragmatiki" baha bermek bilen bir hatarda, NATO-nyň öz "açyk gapylar" syýasatyny dowam etdirjekdigini we muňa ygrarlydygyny gaýtalady.
Russiýa Amerikanyň NATO bilen utgaşdyryp beren jogabyny seljerjekdigini aýtdy.
Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, Blinken 26-njy ýanwar güni giçlik Hytaýyň daşary işler ministri Wan Ýi bilen Ukraina barada gürleşip, rus agressiýasynyň ilerlemeginden gelip çykyp biljek global howpsuzlyk we ykdysady töwekgelçiliklere ünsi çekdi.