Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistanyň premýeri Merkezi Aziýa liderleri bilen onlaýn duşuşygyny geçirýär


Premýer-ministr Narendra Modi

Premýer-ministr Modi tarapyndan gurnalan wirtual çärä Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleri gatnaşar diýip, hindi mediasy 27-nji ýanwarda habar berdi.

Premýer-ministr Narendra Modiniň beýemçilik etmeginde 4-nji gün geçiriljek ilkinji Hindistan -Merkezi Aziýa sammitinde gatnaşyklar "täze belentliklere" çykarylar diýip, ndtv.com neşiri belleýär.

Wirtual çärä Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu sammit taraplaryň ýolbaşçylarynyň Hindistan-Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda alnyp barylýan töwerekleýin we dowamly hyzmatdaşlyga berýän ähmiýetiniň nyşanydyr diýip, habarda aýdylýar.

Sebit howpsuzlygy we Owganystan meselesinden başga, gepleşiklerde esasy üns söwda we gatnaşyk, ösüş hyzmatdaşlygy, medeniýet we halklaryň özara, gönümel baryş-geliş meselelerine gönükdiriler.

Daşary işler ministrliginiň biraz öň çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, bu Hindistan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda liderler derejesinde guralan ilkinji duşuşyk bolar.

Bu duşuşyk Hytaý lideriniň 25-nji ýanwarda, taraplaryň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyna gabat gurnalan onlaýn maslahatynda merkezi aziýa liderlerine üç ýyl içinde 500 million dollar möçberinde ykdysady we howpsuzlyk kömegini bermegi wada bermeginiň yz ýanyna gabat gelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG