Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň häkimiýetleri iki goňşy ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň arasynda başlanan araçäk çaknyşyklaryny togtadyp, 28-nji ýanwarda ýaraşyk baglaşdylar. Serhet çaknyşyklarynda azyndan iki adamyň ölendigi, bir topar adamyň ýaraly bolandygy habar berilýär.
27-nji ýanwardaky çaknyşyk iki ýurduň arasynda gowy kesgitlenmedik serhet çelgileri we ýol petiklenmeleri bilen bagly gapma-garşylyklarda geçen ýyl bolan we ondan gowrak adamyň ölümine getiren çaknyşykdan bäri dörän iň ganly waka boldy.
Täjigistanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti asuda ilatdan iki adamyň öldürilendigini we 10 adamyň ýaralanandygyny aýtdy. Ýaraly bolanlaryň altysy howpsuzlyk güýçleriniň agzasy bolsa, dördüsi asuda ilata degişli diýip, habarda bellenýär.
Gyrgyzystanyň serhet gullugy 28-nji ýanwarda irden, iki tarapyň resmileriniň geçiren gepleşiginden soň, ok atmagyň doly bes edilendigini aýtdy.
Gelnen ylalaşyga görä, iki tarap hem serhet ýakasyndaky goşmaça güýçlerini we enjamlaryny yzyna çeker, Batken-Isfana awtoulag ýoly doly açylar we serhetde bilelikdäki garawulçylyk ýola goýlar.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.