Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Ukrainadaky ýagdaýy maslahatlaşmagyna çagyrýar


ABŞ-nyň BMG-däki hemişelik wekili Linda Tomas-Grinfild
ABŞ-nyň BMG-däki hemişelik wekili Linda Tomas-Grinfild

31-nji ýanwarda, Birleşen Ştatlaryň başlangyjy bilen, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň rus goşunlarynyň Ukrainanyň serhedinde jemlenmegi baradaky meselä bagyşlanan maslahaty geçiriler.

"Ukrainanyň serhedinde 100,000-den gowrak rus esgeri ýerleşdirildi, Russiýa Ukraina garşy her dürli durnuksyzlaşdyryjy hereketlere ýüz urýar" diýip, ABŞ-nyň BMG-däki hemişelik wekili Linda Tomas-Grinfildiň beýanatynda aýdylýar.

Birleşen Ştatlar Howpsuzlyk geňeşiniň agzalary faktlary öwrenmeli we eger-de Russiýa Ukraina goşun sürse, bu ýagdaýyň halkara howpsuzlyk ulgamy babatyndaky netijelerine seretmeli diýip hasaplaýar.

Russiýa häzirlikçe Amerikanyň inisiatiwasyna açyk reaksiýa bildirmedi, ýöne onuň bu meseläniň Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine girizilmeginiň öňüni almaga synanyşmagy mümkin diýip, habarda bellenýär.

Emma muňa garamazdan, "Wall Street Journal" gazetiniň maglumatyna görä, ABŞ bu meselä bagyşlanan mejlisi geçirmek üçin zerur bolan dokuz sesi, Howpsuzlyk geňeşiniň azyndan 9 agzasynyň goldawyny almagy başardy.

Russiýa hem öz gezeginde, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzasy hökmünde, onuň kararlaryna weto goýmaga hakly.

XS
SM
MD
LG