Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji ýanwarda Milli Geňeşiň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowanyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirip, nobatdan daşary mejlise taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garady.
“Döwrüň talabyna görä, kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek hem-de geljekde Konstitusiýamyza hem üýtgetmeleri girizmek zerur” diýip, Berdimuhamedow anyklaşdyrmazdan, ýurduň Baş kanunyna girizilmegi mümkin düzediş barada gysgaça durup geçdi.
“Milli Geňeşiň Mejlisi ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Şu soragda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň oňyn tejribesinden, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur almaly” diýip, ol aýtdy.
Döwlet baştutany Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilenine şu ýyl 30 ýyl dolýandygyny belläp, Esasy Kanunyň many-mazmunyny we kadalaryny, esasan hem, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda alnyp barylýan “uly işleri” halk köpçüligine giňden wagyz etmek boýunça çäreler toplumynyň geçirilmelidigini tabşyrdy.
Türkmenistan halkara hukuk toparlarynyň hasabatlarynda adam hukuklaryny we azatlyklaryny, şol sanda öz kanunlarynda kepillendirilen hukuklary yzygiderli, hemme taraplaýyn basgylamakda tankyt edilýär.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.