Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek delegasiýasy Lebaba sapar edýär


Saparyň çäklerinde Özbegistanyň ozalky awtoritar prezidenti Yslam Kerimowyň Türkmenabatdaky ýadygärligine hem gül desselerini goýmak çäresi göz öňünde tutuldy. (arhiw suraty)
Saparyň çäklerinde Özbegistanyň ozalky awtoritar prezidenti Yslam Kerimowyň Türkmenabatdaky ýadygärligine hem gül desselerini goýmak çäresi göz öňünde tutuldy. (arhiw suraty)

Türkmenistanyň Lebap welaýatyna Özbegistanyň wekiliýeti sapar edip, munuň çäklerinde şol sanda ozalky özbek awtoritar prezidenti Yslam Kerimowyň doglan gününe gabat, onuň Türkmenabatdaky ýadygärligine gül desselerini hem goýmak planlaşdyrylýar.

“Şu gün, ýagny 31-nji ýanwarda ir sagat 6-larda Farap serhet-geçelgesinde özbek wekiliýetiniň gyssagly COVID-19 testleri alyndy. Olar 30 töweregi adam. Adatça daşary ýurtlular 21 gün karantinde saklanmaly bolsalar, olar testden soň, üç awtobusdan ybarat kerwen bilen Türkmenabada ugradylar” diýip, gümrükçileriň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Ol tutuş gije serhet-geçelgesinde uly taýýarlyk işleriniň geçirilendigini, şeýle-de delegasiýaly kerweniň päsgelçiliksiz Türkmanabada aşmagy üçin, Farap köprüsiniň hem ýerli ilat üçin ýapylandygyny aýtdy.

Ýerli habarçylarymyz özbek wekiliýetiniň saparynyň öňýany, üç günüň dowamynda Lebabyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda hem giň gerimli, şol sanda býujetçileriň hem mejbury gatnaşdyrylmagynda ýowarlaryň geçirilendigini bellediler.

“Ýerli häkimiýetler ýaşaýjylary delegasiýanyň gözüne görünmeli däl etdiler. Munuň bilen baglylykda, şäheriň iň iri ‘Gök bazary’ hem ýekşenbe gününden bäri ýapyk dur, şäheriň iri ýollary hem petiklendi. Türkmenabadyň esasy köçeleriniň ähli çatrygynda polisiýa gözegçilik edýär. Jemgyýetçilik transport hereketi çäklendirildi, hususy sürüjilere, umuman, köçelere çykmak gadagan edildi” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri Türkmenabadyň 31-nji ýanwardaky ýagdaýyny suratlandyrdy.

Özbek wekiliýetiniň Türkmenistana edýän sapary, şeýle-de onuň gün tertibi barada 31-nji ýanwarda ýerli wagt bilen ikindine çenli ýurduň resmi mediasynda hiç hili maglumat berilmedi. Bu barada türkmen Daşary işler ministrliginiň websaýtynda hem hiç hili maglumat ýok.

Emma Azatlygyň Türkmenabadyň häkimligindäki bir çeşmesi saparyň çäklerinde delegasiýanyň birnäçe medeni desga baryp görmegine garaşylýandygyny, şeýle-de Türkmenabatda Özbegistan tarapyndan gurlup, ulanylmaga berilmeli iki zawodyň düýbüni tutuş dabarasynyň hem geçirilmegine garaşylýandygyny aýtdy.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran çeşme Özbegistanyň ilkinji prezidenti Yslam Kerimowyň ýadygärligine hem gül desselerini goýmak çäresiniň göz öňünde tutulandygyny nygtady. Ol munuň Kerimowyň doglan gününe gabat gurnalandygyny hem sözüne goşdy.

Özbegistanyň ozalky awtoritar lideri Kerimow 1938-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda dogulypdy. Ol garaşsyz Özbegistanyň ilkinji prezidenti bolup, häkimiýeti döwründe adam hukuklaryny berk depelemekde, söz, din, metbugat azatlyklaryny çäklendirmekde, öz syýasy garşydaşlaryna basyş etmekde tankytlandy. Ol häkimiýeti 2016-njy ýylyň sentýabrynda 78 ýaşynda aradan çykýança, ýagny 25 ýyl töweregi öz elinde saklady. 2017-nji ýylda Türkmenabatda iki ýurduň prezidentleriniň hem gatnaşmagynda onuň ýadygärligi we adyny göterýän köçe açyldy.

Azatlygyň Türkmenabadyň häkimligindäki çeşmesi özbek delegasiýasyny garşylamak üçin prezidentiň ogly, wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň hem Türkmenabada gelmegine garaşylandygyny, emma näbelli sebäplere görä, munuň soňky pursat ýatyrylandygyny sözüne goşdy.

Ýatlatsak, mundan iki hepde töweregi ozal kiçi Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Daşkentde saparda bolup, prezident Şawkat Mirziýoýew bilen hem gepleşikleri geçiripdi.

Türkmenabadyň häkimligindäki çeşmämiz häzirki saparyň geçen sentýabryň aýagynda Lebap welaýatynyň wekiliýetçilikli toparynyň Özbegistanyň Buhara regionyna we Daşogzuň delegasiýasynyň demirgazykdaky goňşy döwletiň Horezm sebitine eden saparyna garşylykly jogap hökmünde geçirilýändigini aýtdy.

Saparyň dowamynda goňşy ýurduň delegasiýasynyň Türkmenistanda ýaşaýan etniki özbekleriň ýagdaýyny, olaryň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini gozgap-gozgamajakdygy aýdyň däl. Azatlyk Radiosy ýurduň Daşoguz we Lebap sebitlerinde ýaşaýan etniki özbekleriň pasport almakdaky kynçylyklary, işe ýerleşmekde duş bolýan meseleleri, şeýle-de özbek dilinde bilim berýän mekdepleriň we metbugatyň ýokdugy barada habar berip gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG