Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Angliýa Kremle ýakyn oligarhlara garşy sanksiýa girizmegi ýeňilleşdirer


Angliýanyň daşary işler ministri Liz Truss

Iňlis hökümeti ýakyn günlerde Russiýanyň banklaryna, energiýa kompaniýalaryna we "Kremle ýakyn oligarhlara" garşy giriziljek sanksiýalara ýol açjak kanun taslamalaryny parlamente hödürlär. Bu barada bazar güni Angliýanyň daşary işler ministri Liz Truss habar berdi.

Teklip edilýän çäreler Russiýanyň Ukraina garşy ýaragly çozuş etmek howpy bilen baglanyşykly. Moskwanyň bu hili çozuş ähtimallygyny inkär etmegine garamazdan, Günbatar Ukraina bilen serhetde dörän dartgynly ýagdaýda hiç bir gowşama alamatlaryny görmeýändigini aýdýar.

Iňlis häkimiýetleriniň görmekçi bolýan täze çäreleriniň jikme-jiklikleri entek belli däl. Ýöne Trussyň aýdan sözlerinden çen tutulsa, britan häkimiýetleriniň Kreml bilen baglanyşykly hasaplan islendik adamsyna ýa-da kompaniýasyna garşy sanksiýa girizmek düzgünleri öňküsinden kän derejede ýönekeýleşdiriler.

“Kremliň we Russiýadaky režimiň bähbidine wekilçilik edýän islendik kompaniýa garşy sanksiýa girizilip bilner. Şeýlelikde, Putiniň oligarhlaryna ýa-da rus häkimiýetlerini goldaýan rus kompaniýalaryna gizlener ýaly ýer galmaz" diýip, britan DIM-niň başlygy Sky News bilne söhbetdeşlikde aýtdy.

Ol Angliýadaky rus oligarhlarynyň gozgalmaýan emläklerini konfiskasiýa etmek ýaly çäreleri hem aradan aýyrmady.

Truss bu sanksiýalaryň Russiýa Ukraina çozan ýagdaýynda giriziljekdigini aýtdy we, eger-de harby hereket edilse, onuň getirjek agyr netijeleri barada rus häkimiýetlerine ýene bir gezek duýduryş berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG