Siriýanyň Demokratik güýçleriniň (SDF) kürt toparlary bilen “Yslam döwleti” (YD) toparynyň söweşijileriniň arasynda ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky El-Hasaka şäherinde, Damask hökümeti tarapyndan gözegçilik edilmeýän sebitde bolan söweşler netijesinde azyndan 120 adam öldi.
"Al-Arabiýa" teleýaýlymynyň maglumatyna görä, SDF bölümleri, ABŞ goşunynyň goldaw bermeginde, El-Hasaka türmesine, YD söweşijileriniň bir bölegini elde saklaýan binalaryna ýene bir gezek hüjüm etdiler.
Bu türmede 3500-den gowrak tussag saklanýar. Olaryň arasynda YD toparynyň söweşijileriniň hatarynda söweşen hakyna tutulan adamlar hem bar. Käbir habar beriş serişdeleri 23-nji ýanwarda kürt söweşijileriniň, Birleşen Ştatlaryň kömegi bilen, türmäniň gözegçiligini gaýtadan ele almagy başarandygyny habar berdiler.
YD söweşijileri 20-nji ýanwarda El-Hasaka şäheriniň içine girip, ol ýerdäki Al-Sinaa türmesini ele geçirmäge synanyşdylar. Habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, hüjümçiler türmäniň girelgesiniň agzynda iki sany awtoulag bombasyny partladyp, tussaglaryň gaçmagyny aňsatlaşdyrmaga synanyşypdyrlar.