Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýedäki türkmen aktiwistleriniň 25 sanysyna dogduk ýurduna mejbury iberilmek wehimi abanýar


Türkmen aktiwistleri
Türkmen aktiwistleri

Türk häkimiýetleri türkmen aktiwistleriniň işine 'milli howpsuzlyk meselesi' hökmünde garaýarlar diýip, Moskwadaky “Memorial” merkeziniň Merkezi Aziýa programmasy habar berýär.

Adam hukuklaryny goraýan guramanyň maglumatyna görä, düýbi Bolgariýada ýerleşýän Türkmen Helsinki gaznasy (Bolgariýa) geçen hepde tussag edilip, Türkmenistana zor bilen iberilip bilinjek 25 aktiwistiň sanawyny öz içine alýan gizlin resminamanyň bir nusgasyny almagy başardy.

Türk polisiýasyna degişlidigi aýdylýan gizlin resminamadaky adamlaryň atlarynyň sanawa Aşgabatdaky hökümetiň talaby boýunça goşulandygy öňe sürülýär.

Sanawa girizilen aktiwistleriň familiýalary, atlary we atalarynyň atlary (kakasynyň ady), doglan senesi, pasportlarynyň we daşary ýurt raýatlaryna berilýän türk şahadatnamalarynyň belgileri bar.

Geçen güýzde tussag we sorag edilen wagtynda iki türkmen aktiwisti we dört aklawçy bu iki sahypalyk sanawy aýry-aýrylykda görmegi başardy, ýöne polisiýa onuň nusgasynyň alynmagyna rugsat bermedi diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de, polisiýanyň bu sanawyň haýsy edaradan berlendigini aýtmakdan ýüz öwürendigi bellenýär. Sanawda 18 erkek bilen ýedi aýalyň ady getirilýär.

Türkiýedäki raýat jemgyýeti mundan öň, hamala, Stambuldaky türkmen konsullygynyň diplomatlarynyň talaby esasynda ýurduna mejbury iberilmek howpy abanýan 13 aktiwistiň adyny bilýärdi.

Türk häkimiýetleriniň türkmen režiminiň parahatçylykly tankytçylarynyň käbirine garşy G-87 koduny, Türkiýäniň howpsuzlygyna wehim salmak aýyplamasyny ulanmagy alada döredýär diýip, hukuk goraýjylar belleýär.

Bu aýyplama esasynda adamlar bäş ýyllyk ýurda girmesiz edilýär we soň bu gadaganlyk we beýleki çäklendirmeler ýene we ýene uzaldylyp hem bilinýär.

XS
SM
MD
LG