Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýewde türkmenistanly taksi sürüjisi bir ýolagçyny zäherlemekde we talamakda “aýyplanýar”


Kiýew şäheri. Illýustrasiýa suraty
Kiýew şäheri. Illýustrasiýa suraty

Ukrainanyň paýtagty Kiýewde Türkmenistanyň raýaty bir aýaly zäherlemekde we talamakda güman edilip tussag edildi. Bu barada “Turkmen.news” neşiri şäher prokuraturasynyň metbugat gullugyna salgylanyp, 1-nji fewralda habar berdi.

“Derňewçileriň habar bermegine görä, 29-njy ýanwarda 24 ýaşly taksi sürüjisiniň mobil programmasyna bir adresden başga bir adrese gitmek isleýän ýolagçydan sargyt gelip gowuşdy. Ol ýolagçyny alansoň, onuň emlägine eýe bolmak kararyna geldi. Taksi sürüjisi içine güýçli madda goşulan kofeni ýolagçy aýala hödürledi. Şondan soň aýal bir gün komada ýatdy” diýlip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de, neşiriň maglumatynda taksi sürüjisiniň huşsuz ýolagçyny gidýän salgysyna eltendigi, aýalyň jübüsinden mobil telefonyny we beýleki gymmat bahaly zatlaryny alyp, ony jaýyň girelgesinde goýup gaýdandygy hem bellenilýär.

“Soňra aýaly goňşulary tapýar we olar tiz kömek ulagyny hem-de polisiýany çagyrýarlar” diýlip, habarda aýdylýar.

Güman edilýän adamyň şahsyýeti alty sagadyň dowamynda anyklandy. Ol 15 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilmek bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýip, neşir öz maglumatynda nygtaýar.

Habarda güman edilýän türkmenistanly sürüjiniň şahsyýeti aýan edilmeýär.

XS
SM
MD
LG