Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden ABŞ güýçleriniň Siriýada YD liderini öldürendigini aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden “Yslam döwleti” (YD) ekstremistiki toparynyň lideri Abu Ibrahim al-Haşimi al-Kuraşiniň öten agşam Birleşen Ştatlaryň ýörite güýçleriniň geçiren operasiýasynyň dowamynda öldürilendigini aýtdy.

Baýden 3-nji fewralda ýaýradan beýanatynda Siriýanyň demirgazyk-günbatar sebitindäki operasiýanyň “üstünlikli” geçirilendigini, şeýle-de muňa gatnaşan ähli ABŞ esgerleriniň yzyna aman dolanandyklaryny aýtdy.

Mundan öň, Pentagon operasiýanyň geçirilendigini tassyklady, emma onuň nyşanasynyň kim bolandygyny aýdyňlaşdyrmady.

AP habar gullugy şaýatlara salgylanyp, operasiýanyň 2 sagat çemesi dowam edendigini, onuň dowamynda 13 adamyň, şol sanda alty çaganyň we dört aýalyň öldürilendigini belledi.

XS
SM
MD
LG