Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ÝB Russiýanyň agressiýasyna garşy sanskiýalaryň toplumyny taýýarlady


ÝB Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen

Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň Ukraina hüjüm eden halatynda, Moskwa garşy "ygtybarly we hemmetaraplaýyn" sanskiýalaryň toplumyny taýýarlady diýip, ÝB Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen 4-nji fewralda mälim etdi.

Russiýa Ukraina bilen serhedine 100 müň töweregi harbylaryny ýerleşdirdi. Günbatar munuň Ukraina hüjüm etmek üçin taýýarlyk bolmak ähtimallygyndan howatyrlanýar. Moskwa howpsuzlyk kepillerini, şol sanda Kiýewiň hiç haçan NATO agza alynmajakdygy baradaky wadalary isleýär.

Ýewropaly resmi sanskiýalaryň düzüminde dawaly “Demirgazyk Akym 2” gazgeçirijisiniň hem bardygyny mälim etdi.

“Bu gazgeçirijiniň işläp başlamagy Russiýanyň özüni alyp barşyna bagly bolar” diýip, ol sözüne goşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG