Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ daşary ýurtlardaky türgenlere edilen "repressiýa" üçin Belarusyň resmilerine goşmaça sanksiýalary girizýär


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken

Birleşen Ştatlar, Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, daşary ýurtlardaky belarus türgenlerine gönükdirilen "transmilli repressiýa" gatnaşan belarus raýatlaryna garşy sanksiýalary girizdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken özüniň beýanatynda bu sanksiýalaryň "ýurduň daşyndaky çynlakaý garşydaş çärelere gatnaşandygy üçin köp sanly belarus raýatyny" nyşana alýandygyny aýtdy. Ýöne ol sanksiýalardan ejir çeken belarus raýatlarynyň şahsyýetlerini aýdyňlaşdyrmady.

"Birleşen Ştatlar şeýle çäreleriň ählisini, şol sanda geçen ýyl Tokioda geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda Belarusyň olimpiýa türgeni Krystsina Tsimanouskaýany zor bilen yzyna ibermek synanyşygyny ýazgarýar" diýlip, 3-nji fewralda çap edilen beýanatda aýdylýar.

Tsimanouskaýanyň başdan geçirenleri, belarus resmileriniň sportsmenleri nyşana almagy bilen bagly iň ses getiren wakalaryň biridir. Şonda Tsimanouskaýa sosial mediada belarus olimpiýa toparynyň ýolbaşçylarynyň Tokio-2020 Olimpiýa oýunlaryndaky hereketlerini tankytlandan soň, özüni zor bilen Belarusa äkitmäge synanyşygyň bolandygyny aýdypdy.

Ol buýrugy ret edensoň, Polşanyň Tokiodaky ilçihanasyna baryp, gaçybatalga aldy we şondan iki gün geçensoň Warşawa geldi. Häzirki wagt ol Polşada sürgünlikde ýaşaýar.

Belarusda, Alýaksandr Lukaşenka 2020-nji ýylyň awgust aýynda 6-njy gezek prezidentlik möhletine saýlanandygyny öňe süreninden bäri görlüp-eşidilmedik protestlerden soň ýurtda başgaça pikirlilere we metbugata garşy berk çäre görüldi.

Saýlawyň netijesine nägilelik bildirip, protest geçiren müňlerçe adam tussag edildi, başga-da köp adam özleriniň howpsuzlygy üçin alada edip ýurdy terk etdi. Oppozisiýa liderleri saýlaw netijeleriniň galplaşdyrylandygyny aýdýarlar.

"Bu çäre, islendik hökümetiň žurnalistleri, aktiwistleri we dissidentleri hyýanatçylykly ulanmak üçin nyşana alýan transmilli repressiýalaryň öňüni almak we olara jogap bermek boýunça giňişleýin tagallanyň bir bölegidir. Bu, repressiw hökümetleriň öňüni almak we nyşana alnan adamlary hem-de toparlary goramak üçin diplomatik, hukuk goraýjy we aňtaw gurallaryny birleşdirýär" diýlip, beýanatda bellenilýär.

Şeýle-de, onda Waşingtonyň Belarusyň halkyna goldaw bermegi dowam etdirýändigi we "Lukaşenkanyň režimini raýat jemgyýetiniň agzalaryna, garaşsyz metbugata, syýasy oppozisiýa, türgenlere, talyplara, hukuk hünärmenlerine we beýleki belaruslylara garşy edilýän basyşy bes etmäge ýene bir gezek çagyrýandygy" hem nygtalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG