Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusly olimpik sportsmeni Tsimanouskaýa Polşanyň ilçihanasyna bardy


Belarusly sprinter Krystsina Tsimanouskaýa Polşanyň Tokiodaky ilçihanasyna barýar, 2-nji awgust, 2021
Belarusly sprinter Krystsina Tsimanouskaýa Polşanyň Tokiodaky ilçihanasyna barýar, 2-nji awgust, 2021

Belarusly olimpiýa sportsmeni Krystsina Tsimanouskaýa belarus resmileriniň onuň çykyşyny kesmek we Minskä zor bilen gaýtarmak tagallalaryndan soň Tokionyň halkara howa menzilinde gijäni geçirip, 2-nji awgustda Polşanyň ilçihanasyna bardy.

24 ýaşly türgeniň Ýaponiýanyň paýtagtyndaky ilçihana girendigi we watanynda tussag edilmeginden gorkup, Polşadan syýasy gaçybatalga soramagy meýilleşdirýändigi aýdylýar.

BMG-nyň Bosgunlar boýunça baş Komissarynyň edarasy we Halkara Olimpiýa komiteti onuň ýagdaýyny çözmäge kömek edýän toparlaryň arasynda.

Tsimanouskaýa hepdäniň ahyrynda ýurduna barýan uçara münmekden ýüz öwürenden soň, bir gije Tokionyň myhmanhanasynda gizlenipdi. Ol belarus toparynyň işgärleriniň Tokio-2020 Olimpiýa oýunlaryndaky hereketlerini tankytlandan soň, ony zor bilen Belarusa äkitmäge synanyşygyň bolandygyny aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň bir çeşmesi Tsimanouskaýanyň adamsy Arseniý Ždanewiçiň aýalynyň watana gaýdyp getirilmegi ugrundaky göreşini dowam etdirýändigi sebäpli Ukraina barandygyny habar berdi.

Reuters habar gullugy Ukrainanyň ministrliginiň ady agzalmadyk çeşmesine salgylanyp, "hakykatdanam, bu adam Ukraina geldi" -diýip habar berdi, emma Ždanewiçden dessine maglumat alyp bilmedi.

1-nji awgustda Tokionyň Haneda howa menzilinde Belarusyň wekilleri tarapyndan zor bilen uçara mündürilmezligi üçin kömek soran Tsimanouskaýa azyndan üç ýurt - Polşa, Fransiýa we Çehiýa gaçybatalga we kömek teklip etdi.

Belarusda, Alyaksandr Lukaşenka 2020-nji ýylyň awgust aýynda 6-njy gezek prezidentlik möhletine saýlanandygyny öňe süreninden bäri görlüp-eşidilmedik protestlerden soň ýurtda başgaça pikirlilere we metbugata garşy berk çäre görüldi.

Lukaşenka sporty Belarusda onlarça ýyllap adam hukuklarynyň bozulmagy we syýasy repressiýalar baradaky oňaýsyz habarlara garşy göreşmek üçin giňden ulanyp gelýär.

Lukaşenka, uzak wagtlap Belarusyň Milli Olimpiýa Komitetine hut özi ýolbaşçylyk etdi we ýaňy-ýakynda öz uly ogly Wiktara tabşyrdy. Halkara Olimpiýa Geňeşi Lukaşenkanyň bu ädimini ykrar etmedi.

Oppozisiýa sportçylaryny goldaýan Belarusyň Sport Raýdaşlyk Gaznasynyň (BSSF) metbugat sekretary Alyaksandr Opeikin 2-nji awgustda Tsimanouskaýanyň "Halkara Olimpiýa komiteti we habar beriş serişdeleri bilen aragatnaşyk saklaýandygyny" we Polşada syýasy gaçybatalga sorandygyny aýtdy.

Tsimanouskaýanyň gorkusynyň "propaganda teleýaýlymlarynda" birnäçe "tankydy programmalarynyň" efire berilmegi bilen hasam güýçlenendigini belledi.

Tsimanouskaýa 2-nji awgustda aýallaryň 200 metr aralyga ylgamak ýaryşyna gatnaşmalydy. Ýöne türgen, tälimçiler toparynyň ony howa menziline eltmezden ozal goşlaryny ýygnamagy buýrandygyny aýtdy.

Tsimanouskaýa Belarusyň işgärleriniň ony aýallaryň 4x400 metr aralyga estafeta ýaryşyna toparyň käbir agzalarynyň bäsleşmäge ýaramaýandygyny anyklandan soň gysga wagtyň içinde salandygyny sosial ulgamlarda 29-njy iýulda aýtdy.

"Olar ony saglyk meseleleri ýaly käbir obýektiw we hakyky sebäpler sebäpli ýaryşlardan aýyrmaga synanyşmadylar. Bu diňe administratiw buýruk boldy" -diýip, Opeikin aýtdy.

Belarusyň Olimpiýa komiteti Tsimanouskaýanyň "emosional, psihologiki ýagdaýy" sebäpli lukmanlaryň maslahaty bilen oýunlardan çekilendigini aýtdy.

Birnäçe sagat soň, Tsimanouskaýa Ýaponiýanyň polisiýasynyň goragy astyndadygyny BSSF guramasynyň Telegram kanalynda çap edilen habarynda aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.https://rus.azathabar.com/a/31379313.html

XS
SM
MD
LG