Çeçen ýolbaşçylary tarapyndan maşgala agzalary bilen birlikde öldürilmek haýbaty atylan çeçen aklawçysy kawkaz ýurdundaky howpsuzlygyny alada edip, Gürjüstany terk etdi.
Gynamalara garşy komitetiň adam hukuklary toparynyň öňki aklawçysy Abubakar Ýaňulbaýew 6-njy fewralda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna beren interwýusynda, näbelli adamlar tarapyndan yzarlanýandygyny eşidenden soň, dekabr aýynyň ahyryndan bäri bolýan ýurduny, Gürjüstany terk etmek kararyna gelendigini aýtdy. Oňa soňky hepdelerde Tbiliside näbelli adamlar tarapyndan yzarlanandygy habar berlipdir.
"Howpsuzlyk hünärmenleri maňa yzarlanýandygyny habar berdiler. Gapdaldan gözegçilik edilýändigi öz gözüme ilmedi, bu onuň hünär taýdan ýeterlik derejede geçirilendigini aňladýar. Men gyrak-bujakda ýaşamazlygy makul bildim we [Gürjüstany] terk etmek kararyna geldim. Yzymdan edilýän gözegçiligiň ýokary wezipeli adamlaryň maňa we maşgala agzalarymyza atan haýbatlary bilen baglanyşygyna şübhe ýok diýip, Ýaňulbaýew aýtdy.
Bu gowga geçen aý, çeçen we ýerli polisiýa işgäri Ýaňulbaýewiň ejesi Zarema Ýaňulbaýewany, gyz familiýasy Musaýewa, Nihniý Nowgorod şäherindäki kwartirasyndan zor bilen çykaryp, Demirgazyk Kawkaz sebitindäki Çeçenistana alyp gideninden soň başlandy. Ol bu ýerde polisiýa işgärine hüjüm etmekde aýyplandy.
Çeçenistanyň Kreml tarapyndan goldanýan awtoritar hökümdary Ramzan Kadyrow we beýleki çeçen resmileri, Russiýanyň parlamentiniň aşaky palatasynyň agzasy Adam Delimhanow Ýaňulbaýewiň maşgala agzalarynyň ählisini "terrorist" diýip atlandyrdy we olary gözläp tapyp, öldürmek wadasyny berdi.
Şeýle-de olar Gynamalara garşy komiteti esaslandyryjy Igor Kalýapini, Çeçenistanda adam hukuklarynyň bozulyşy barada köp ýazýan žurnalist, “Nowaýa gazetiniň” işgäri Ýelena Milaşinany, “Dožd” teleýaýlymyny “terrorçy şärikleri” diýip atlandyrdylar.
Ýaňulbaýewiň ynanjyna görä, häkimiýetler onuň maşgalasyny Kadyrowy we Çeçenistandaky hukuk ýagdaýyny tankytlaýandygy sebäpli yzarlaýarlar.
Onuň kakasy, pensiýa çykan federal kazy Seýdi Ýaňulbaýew we aýal dogany, atylan haýbatlardan soň, Russiýadan gaçmaly boldy.
“Nowaýa gazetiniň” tanymal žurnalisti Milaşina hem geçen hepde, özüne şeýle maslahat berlendigini aýdyp, Russiýadan gaçmak kararyna geldi.
Ýaňulbaýew Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna "häzirki Çeçenistanda diňe bir adamyň hukuklaryna hormat goýulýandygyny we ol adamyň Ramzan Kadyrowdygyny" aýtdy.
Kalýapin dynç güni dynç güni "Insider" derňew web sahypasyna özüniň Gynamalara garşy komitetden çykandygyny, ýöne bu kararyň atylýan haýbatlar bilen baglanyşykly däldigini aýtdy.
Žurnalistler, hukuk goraýjylar we ýönekeý raýatlar Russiýanyň çar künjeginden hökümetiň çeçen resmileriniň atýan haýbatlary babatynda kanuny çäre görmäge çagyrdylar.