Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin bilen 'anyk howpsuzlyk kepillikleri' barada pikir alyşan Makrona Ukrainada garaşylýar


Makron Putine Ýewropada täze howpsuzlyk arhitekturasyny döretmegiň döwletleriň NATO bileleşigine goşulmak hukugyny ýatyrmak bilen edilmeli däldigini aýdandygyny aýtdy.
Makron Putine Ýewropada täze howpsuzlyk arhitekturasyny döretmegiň döwletleriň NATO bileleşigine goşulmak hukugyny ýatyrmak bilen edilmeli däldigini aýdandygyny aýtdy.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Ukrainadaky krizise garşy halkara diplomatiýanyň çäginde prezident Wladimir Putin bilen Moskwada geçiren töwerekleýin gepleşiklerinden soň, 8-nji fewralda Kiýewe sapar edýär.

Makron Kremlde guralan metbugat ýygnagynda Putine "anyk howpsuzlyk kepilliklerini" teklip edendigini, rus lideriniň "bu ugurda işleşmäge taýýardygyny we onuň Ukrainanyň durnuklylygyny we territorial bitewiligini saklamak isleýändigini" aýtdy.

Fransuz lideri Putin bilen düşünişmek nokatlaryny tapandygyny we öňümizdäki günleriň Moskwanyň Ukrainanyň golaýynda goşun toplamagy netijesinde ýüze çykan gapma-garşylyk babatynda aýgytly boljakdygyny aýtdy.

Günbatar serhetde goşun toplamagyň goňşy ýurda çozmagyň başlangyjy bolmak ähtimallygyny güman edýär.

Makron Putine Ýewropada täze howpsuzlyk arhitekturasyny döretmegiň döwletleriň NATO bileleşigine goşulmak hukugyny ýatyrmak bilen edilmeli däldigini aýdandygyny aýtdy.

ABŞ resmileriniň aýtmagyna görä, Russiýa Ukraina bilen serhet ýakasynda 110,000 töweregi esger ýerleşdiripdir we aýyň ortalaryna çenli, doly möçberli çozuş üçin ýeterlik boljak mukdarda, 150 000 töweregi esger toplamagyň aladasynda bolup biler.

XS
SM
MD
LG