Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Andijanda mekdep direktorlaryna para almajakdyklary barada kasam etdirýärler


Andijan sebitiniň Buston etrabynyň 11-nji mekdebindäki çärä gatnaşaýanlar.

Özbegistanyň Andijan sebitinde mekdep direktorlaryna para almazlyk barada "wyždan hatlaryny" ýazdyrýarlar.

Şeýle-de, garagollukda tutulan çagalar üçin, Andijan mekdepleriniň mugallymlaryny sapakdan soň, agşam sagat 10: 00-a çenli "Ot başyndaky" çärelere gatnaşmaga mejbur edýärler diýip, Azatlyk radiosynyň Özbek gullugy habar berýär.

Para almazlyk kasamy baradaky hatlar hakynda Azatlyga Andijandaky mekdepleriň biriniň direktory gürrüň berdi.

Biraz öň, 3-nji fewral agşamy sebitiň 41-nji mekdebiniň direktory 500 dollar para alan wagtynda tussag edildi.

"Azatlyk" radiosynyň Özbek gullugynyň söhbetdeşiniň sözlerine görä, şondan soň Andijandaky mekdepleriň ählisiniň müdirlerinden oblast bilim bölüminiň başlygynyň adyna “wyždan hatlaryny” ýazmak talap edilipdir.

"Meniň özümem şeýle hat ýazdym, hemişe wyždanly işlejekdigime we hiç haçan para almajakdygyma kasam etdim" diýip, radionyň çeşmesi aýtdy.

Andijandaky mekdep direktorlarynyň ýene biri kärdeşiniň sözlerini tassyk etdi.

Neşiriň söhbetdeşi häzir Andijan sebitindäki mekdep direktorlarynyň, olaryň orunbasarlarynyň we mugallymlarynyň her gün sagat 22: 00-a çenli işde bolup, ot başyndaky çärelere gatnaşýandygyny, garagollukda tutulan çagalaryň bolsa goşgy aýdyp, tans etmäge mejbur edilýändigini gürrüň berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG