Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gijeki protestde aýallar Aktau häkimliginiň öňündäki ýoly bagladylar


Eneleriň protesti
Eneleriň protesti

Ýaşaýyş jaý meselesiniň çözülmegini talap edýän eneleriň bir topary 9-njy fewral gijesi Mangistau sebitiniň dolandyryş merkezi Aktauda, häkimligiň binasynyň öňündäki ýoly bekledi.

Habar berilmegine görä, sagat 10 töweregi köp çagaly we maýyp çagalary bolan eneler sebit häkimliginiň binasyna gelip, häkimiň çykyp, özleri bilen gürleşmegini talap edipdirler. Häkim çykmansoň, aýallar topary ýoly petikledi.

Sosial ulgamlarda ýerleşdirilen wideolarda onlarça aýalyň ýoly baglandygy we yzlaryna öwrülip gidýän awtoulaglaryň ilki olara signal berip, biraz garaşýandygy görünýär.

Şaýatlaryň biri Azatlyk radiosyna polisiýanyň märekäni yza çekip, awtoulaglara ýol açmaga synanyşandygyny aýtdy. Gapma-garşylygyň dowamynda bir gartaň aýal haldan gaçyp, soň huşuny ýitirdi. Ol aýala şol ýerde lukmançylyk kömeginiň berlendigi ýa-da däldigi entek belli däl.

Sebit häkimliginiň wakanyň bolan ýerine gelen wekili ýygnanan adamlara bu çäräniň bikanundygyny aýtdy, ýöne onuň aýdan sözleri protestçileriň hasam gaharyny getirdi.

“Biz näçe sagat bäri durus? Häkim näme üçin gelmeýär? Ol bizi haçan kabul eder?” diýip, wideodaky aýallaryň biri soraýar.

Protestçiler ýerli häkimiýetlerden ýaşamaga berlen döwlet jaýlarynyň hususylaşdyrmagyny talap etdiler. Maýyp çagalary bolan eneler, "çagalarynyň köçede galmagyny islemeýändiklerini" aýdyp, ýaşaýyş jaý meselesiniň haýal etmän çözülmegini talap etdiler.

Ýoluň ýapylmagy ýarym sagat töweregi dowam etdi. Häkimligiň işgärleri protestçileriň 9-njy fewralda, irden Mangistau sebitiniň häkimi Nurlan Nogaýew tarapyndan kabul ediljekdigini aýtdylar. Protestçiler, howa gaty sowuk bolansoň, gije sagat 3:00-a golaý öýlerine gaýdandyklaryny aýtdylar.

Türkmenistan bilen serhetleşýän Mangistau sebitinde geçirilýän protest çäreleriniň sany köpelýär. Žanaozen şäherinde işsiz ýaşaýjylaryň protestleri dowam etdirilýär, olar işsizlere nebit pudagyndan iş berilmegini talap edýärler.

XS
SM
MD
LG