Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Gazagystany ganly protestler boýunça garaşsyz derňew geçirmäge çagyrýar


Kennett Roth
Kennett Roth

Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” guramasy gazak häkimiýetlerini geçen aý merkezi aziýa döwletinde bolup geçen ganly tolgunyşyklar wagtynda adam hukuklarynyň düýpli bozulmagy boýunça geçirilýän içerki derňew işlerine halkara hünärmenlerini hem çagyrmaga çagyrdy.


“Çykarylan netijeleriň ygtybarly bolmagyny üpjün etmek nukdaý nazaryndan”, garaşsyz derňew geçirilmegi zerur diýip, HRW 9-njy fewralda çap eden beýanatynda aýtdy.

Bu beýanatyň adam hukuklaryna gözegçilik edýän guramanyň ýerine ýetiriji direktory Kennet Roth bilen Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tileuberdiniň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň çap edilýändigi aýdylýar.

"Gazagystan ýanwar wakalaryny derňemek üçin barlaglary we komissiýalary yglan etdi, ýöne hökümetiň bu hili tagallalardaky şowsuzlygynyň, jogapkärçilige çekmek ýa-da adalaty dikeltmek başarnyksyzlygynyň uzyn taryhy bar" diýip, Roth aýtdy.

"Gibrid derňew, halkara hünärmenleriniň milli derňewçilere goşulmagy bilen, bu täze derňew işleriniň has üstünlikli bolmagyna aňrybaş derejede mümkinçilik döredýär" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Berk gözegçilik astynda saklanylýan merkezi aziýa döwletiniň günbatar sebitinde, Mangistauda 2-nji ýanwarda, ýangyç bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli başlanan parahatçylykly protest gysga wagtda tutuş ýurda ýaýrap, hökümete garşy bildirilýän köpçülikleýin nägilelikleriň möwjäp galmagyna sebäp boldy. Bu protestler ýurduň iň uly şäheri Almatyda we beýleki ýerlerde ganly atyşyklar bilen tamamlandy.

Protest wagtynda interneti öçüren häkimiýetler jübi telefonlarynyň işini hem bäş günläp çäklendirdi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hukuk goraýjy aktiwistleri we garaşsyz žurnalistleri protestlere “meçew bermekde” aýyplady we munuň ýurduň şäherlerinde we şäherçelerinde birnäçe habarçynyň tussag edilmegine sebäp bolandygyny aýtdy.

Tokaýew protestleriň yzysüre çykyş edip, "daşary ýurt terrorçylyk lagerlerinde tälim alan 20,000 ekstremistiň" Almaty şäherine hüjüm edendigini aýtdy, ýöne bu aýyplamany tassyklaýan hiç hili subutnama görkezmedi. Tolgunyşyklaryň geriminiň giňemegi bilen, Tokaýew Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyndan (KHŞG) kömek sorady.

Şeýle-de Tokaýew şol wagt eden çykyşynda howpsuzlyk güýçlerine "duýduryş bermezden atyp öldürmek" buýrugyny berendigini mälim etdi.

Gazak häkimiýetleri tolgunyşyklar wagtynda tutuş ýurt boýunça 227 adamyň, şol sanda 19 hukuk goraýjy işgäriň öldürilendigini aýtdylar.

Emma muňa garamazdan, adam hukuklaryny goraýjy toparlar bidüzgünçilikler wagtynda ölenleriň hakyky sanynyň has köp bolup biljekdigini aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, hukuk goraýjy edaralar we harby işgärler tarapyndan öldürilenleriň arasynda parahat protestçileriň we geçirilen protestler bilen hiç hili baglanyşygy bolmadyk adamlaryň hem bolandygyny görkezýän subutnamalar bar.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Mişel Baçelet, BMG-niň adam hukuklary boýunça birnäçe hünärmeni, ABŞ we Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary boýunça wekili Gazagystanda ýanwar aýynda bolup geçen zorlukly wakalar boýunça garaşsyz derňewleriň geçirilmegine çagyrdylar.

XS
SM
MD
LG