Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak kanun çykaryjylary öňki prezidentiň ygtyýarlyklaryny azaldýar


Gazak kanun çykaryjylary
Gazak kanun çykaryjylary

Gazagystanyň kanun çykaryjylary, belli bir derejede öňki lideriň maşgalasynyň toplan ummasyz baýlygy esasynda möwjän gahar-gazap bilen bagly dörän we ýurdy gaplap alan ganly protestlerden soň, öňki prezident Nursoltan Nazarbaýewe berlen ömürlik artykmaçlyklaryň köpüsini ýatyrmagy teklip etdiler.

Gazak parlamentiniň ýokarky palatasy Senat 27-nji ýanwarda aşaky palatanyň öňki prezidenti täsirli Howpsuzlyk geňeşiniň we Gazagystanyň Halk assambleýasynyň ömürlik başlygy bolmak hukugyndan mahrum etmek baradaky teklibini tassyklady.

Şeýle-de Senat bu teklibe Nazarbaýewi "Gazagystanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny ömürlik utgaşdyrmak" hukugyndan mahrum etmek baradaky teklibi goşdy.

Nazarbaýew 2019-njy ýylyň mart aýynda wezipesinden çekilýändigini we ornuna Tokaýewy galdyrýandygyny yglan edeninden soň, döwlet ýolbaşçysy bolan wagtynda özüne ömürlik diýlip berlen çäksiz ygtyýarlyklardan, milletiň lideri bolmagyndan peýdalanyp, nebite baý ýurtda özüniň ozaldan bar bolan syýasy täsirleriniň köpüsini saklap galdy.

Emma şu aýyň başynda, uzakdaky Žanaozen şäherinde ýangyç bahasynyň birden ýokarlanmagy sebäpli başlanan protestler ýurduň çap künjegini gaplap aldy we köçe nägileliklerinde bildirilen gahar-gazap esasan Gazagystany 1989-njy ýyldan bäri dolandyran Nazarbaýewe gönükdirildi.

Tokaýew 11-nji ýanwarda, Nazarbaýewi ilkinji gezek aç-açan tankyt eden güni ozalky prezidentiň ýolbaşçylygynda Gazagystanda örän gowy girdejili kärhanalaryň we aşa baý adamlaryň peýda bolandygyny, indi ýönekeý adamlaryň hem özlerine düşýän haklary almagynyň wagtynyň gelendigini aýtdy.

Şondan bäri Nazarbaýewiň öz resmi weziplerini ýitirýän ýakyn garyndaşlarynyň sany köpelip, hökümet öňki prezidentiň giň ýaýrawly maşgala agzalarynyň eýelän ýerlerini arassalamak, kähalatda öňki resmileri tussag astyna almak çärelerini görýär.

Tokaýew ýurdy gaplap alan protestler wagtynda çykyş edip, hiç hili jikme-jiklige girmän, müňlerçe "daşary ýurtly terroristiň" Merkezi Aziýa döwletiniň söwda paýtagty Almaty şäherine hüjüm edendigini öňe sürdi.

Soň ol bu aýyplamany Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk güýçleriniň goşunlaryny ýurda kömege çagyrmak kararyny delillendirmek üçin ulandy. Kömege gelen harby bölümler, resmi maglumata görä, Gazagystany geçen hepde terk etdi.

Resmiler bidüzgünçiliklere göni gatnaşan "terroristler" barada ne subutnama görkezdi, ne-de olaryň nähili talaplary öňe sürendigini aýtdy.

Gazagystanyň häkimiýetleri bidüzgünçiliklerde 227 adamyň, şol sanda 19 hukuk goraýjy işgäriň ölendigini, 12,000 adamyň tussag edilendigini aýtdylar.

Bidüzgünçilik wagtynda onlarça adamyň dereksiz ýitmegi bilen baglylykda, adam hukuklaryny goraýjy toparlar heläk bolanlaryň sanynyň aýdylyşyndan has köp bolmagynyň mümkindigini öňe sürýärler.

Tokaýew “göni atyp öldürmek” buýrugyny bereninden soň, polisiýa we harbylar tarapyndan atylyp öldürilen ýa ýiten adamlaryň arasynda, getirilýän delillere laýyklykda, parahat demonstrasiýaçylaryň we protestlere gatnaşmadyk asuda adamlaryň hem bolandygy belli bolýar.

XS
SM
MD
LG