2021-nji ýylyň dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) “Dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny” adamzadyň maddy däl medeni gymmatlyklarynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşdy.
Dutar türkmen halk aýdymlaryny aýtmak üçin esasy saz guraly bolup durýar. Bagşylar dutar bilen halk aýdym ýerine ýetirenlerinde köplenç gyjak saz guralyny hem ulanýarlar.
Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna has ozal türkmenleriň halyçylyk senedi, türkmenleriň arasynda giň meşhurlyga eýe bolan “Görogly” şadessany, aýdym aýtmagyň we tans etmegiň “Küştdepdi” milli sungaty hem girizildi.
Dünýä Türkmenleri programmamyzyň bu sany türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni miras sanawyna girizilen ugurlaryna gönükdirilýär. Gepleşigimize Pragadan ýazyjy we synçy Hudaýberdi Hally gatnaşdy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.