Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kanadanyň premýeri COVID çäklendirmelerine garşy çykýan sürüjileriň ýoly açmagyny talap edýär


Protestçiler

Kanadanyň premýer-ministri Jastin Trudeau ýük awtoulaglarynyň sürüjileriniň ýurtda girizilen COVID-19 saglyk çäklendirmelerine garşy çykyp, paýtagt Ottawada we serhet geçelgelerinde ýol baglamagynyň "bikanun işdigini" we bes edilmelidigini aýtdy.

Trudeau 11-nji fewralda, ýük ulaglarynyň sürüjilerine edilýän basyşy güýçlendirmek üçin, sebit resmilerine we ýerli ýolbaşçylara goşulyp, olara “Biz siziň talabyňyzy eşitdik. Indi öýe dolanmagyň wagty geldi“ diýdi.

Ol sürüjileriň düşen lapykeçligine düşünýändigini, ýöne" bu petiklemeleriň ýönekeý maşgalalara, awtoulag işgärlerine, daýhanlara, ýük daşaýan ulaglaryň sürüjilerine, kanadaly işçilere zyýan ýetirýändigini“ aýtdy.

Premýer-ministr ýol baglanmalarynyň bes edilmegi üçin “ähli çärä seredilýändigini“ aýtdy. Ýöne ol soraglara jogap berende, protestçileri dargatmak üçin goşun ibermek meselesine garalmaýandygyny belledi we, "Bu çözgüde kanuny ýerine ýetirýän we jemgyýetçilik tertibini goraýan polisiýa güýçleri“ çekiler diýdi.

Ontario sebiti biraz öň adatdan daşary ýagdaý yglan etdi we protestçilere, eger-de dargamasalar, türme tussaglygynyň we uly jerimeleriň garaşýandygyny duýdurdy.

Trudeau Ontarionyň gelen kararyny "jogapkärçilikli we zerur" diýip atlandyrdy hem-de özüniň bu ýagdaý barada ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen hem gürleşendigini aýtdy.

Baýden Trudeau bilen söhbetdeşlikde ýol baglanmalarynyň söwda ýetirýän täsiri barada alada edýändigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG