Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pentagon Russiýanyň Goranmak ministrliginiň ABŞ suwasty gämisiniň rus suwlaryna girendigi baradaky öňe sürmesini ret etdi


Rus harby-deňiz güýçleri

Pentagon Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Amerikanyň ýadro ýaragyny daşamaga ukyply suwasty gämisiniň Kuril adalarynyň golaýyndaky rus territorial suwlaryna girendigi baradaky öňe sürmesinde “hakykatyň ýokdugyny” aýtdy.

ABŞ harbylarynyň metbugat wekili Birleşen Ştatlaryň Russiýanyň territorial suwlarynda hiç hili operasiýa geçirmändigini belledi.

Mundan öň, Russiýa suwuň üstüne çykmak talaplaryna boýun bolmadyk suwasty gämisini öz serhetlerinden çykarandygyny aýdypdy.

Interfaks habar gullugynyň Goranmak ministrligine salgylanyp beren maglumatyna görä, suwasty gämi Russiýanyň geçiren harby-deňiz türgenleşikleriniň çäginde ýüze çykarylypdyr.

Russiýa ABŞ-ny halkara kanunyny bozmakda we milli howpsuzlygyna howp abandyrmakda aýyplady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG