Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Almatyda Ýanwar pidalaryny hatyralamaga çykan adamlar Tokaýewiň jogapkärçilige çekilmegine çagyrdy


Almaty, 13-nji fewral, 2022

Gazagystanyň iň uly şäheri bolan Almatynyň merkezinde toplanan ýüzlerçe adam geçen aý merkezi aziýa döwletinde bolan ganly wakalarda ölenleriň hatyrasyny tutmak üçin rugsat berilmedik demonstrasiýa gurady.

Şeýle-de, hatyra çäresine gatnaşanlar prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň we öňki prezident Nursoltan Nazarbaýewiň, protestleriň basylyp ýatyrylmagynda oýnan rollary sebäpli, jogapkärçilige çekilmegine we sud edilmegine çagyrdylar.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň ýurt içindäki habarçylary bu çärä gatnaşanlaryň synynyň 500-600 adama barabar bolandygyny çakladylar. Almaty häkimiýetleri protestiň geçirilmegine rugsat bermekden ýüz öwürdiler.

Gazagystanyň häkimiýetleri 2-nji ýanwarda, berk gözegçilik astynda saklanylýan merkezi aziýa döwletiniň günbatar sebitindäki Mangistau şäherinde ýangyç bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli başlanan we soň tutuş ýurda ýaýran protestler wagtynda 227 adamyň, şol sanda 19 sany hukuk goraýjy işgäriň öldürilendigini habar berdiler.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar öldürilenleriň sanynyň has köpdügini, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri we harby gullukçylar tarapyndan atylyp öldürilen adamlaryň arasynda parahat demonstrantlaryň we geçirilen proteste dahylsyz raýatlaryň hem bolandygyny tassyklaýan subutnamalaryň bardygyny aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG