Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň bilim ministri ene-atalardan ötünç soramaga mejbur edilen mugallymlar bilen duşuşdy


Marhamat etrabyndaky 72-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň mugallymlary
Marhamat etrabyndaky 72-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň mugallymlary

Özbegistanyň bilim ministri Bahtiýor Saidow Andijan sebitiniň Marhamat etrabynyň biraz öň okuwçylarynyň ene-atalaryndan ötünç soramaga mejbur edilen mugallymlary bilen duşuşdy.

Ministrligiň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, Bahtiýor Saidow mugallymlar bilen bolan duşuşygynda häzirki döwürde olaryň at-abraýynyň we mertebesiniň döwlet syýasaty derejesinde möhüm meseledigini we hiç kimiň mugallymlaryň göwnüne degmäge hukugynyň ýokdugyny aýtdy.

Ol bu bolan wakany mugallymlaryň mertebesine degmek, olary kiçeltmek diýip atlandyrdy.

"Duşuşygyň ahyrynda ministr mugallymlaryň pikirlerini diňledi we olar bilen maslahatlaşandan soň, bu ýagdaýa ýol beren wezipeli adamlara garşy çäre görmegiň zerurdygyny nygtady" diýip, ministrligiň beýanatynda aýdylýar.

Biraz öň Andijan sebitiniň Marhamat etrabynda ýerleşýän 72-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň mugallymlarynyň, berilýän bilimiň derejesi we ýokary okuw jaýlaryna girýän uçurymlaryň sanynyň az bolmagy sebäpli, ene-atalardan ötünç sorandygy habar berildi.

Özbegistanyň Baş prokuraturasynyň bu ýagdaýa kanuny baha bermegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG