Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda döwlet diliniň kadalaryny bozan raýatlara 48 müň somoni jerime salyndy


Dil we terminologiýa komitetiniň başlygy Olimjon Muhammadjonzoda
Dil we terminologiýa komitetiniň başlygy Olimjon Muhammadjonzoda

Täjik kazylary geçen ýyl döwlet diliniň kadalaryny bozmak boýunça 57 sany administratiw işe garadylar we netijede 48,660 somoni möçberinde jerime saldylar.

Täjik hökümetiniň ýanyndaky Dil we terminologiýa komitetiniň ýolbaşçylary bu habary 14-nji fewralda Duşenbe şäherinde geçirilen metbugat ýygnagynda berdiler.

Şeýle-de, Dil we terminologiýa komiteti çagalara at dakmak we adam atlaryny üýtgetmek boýunça berlen 1184 arza, şol sanda milli azlyklaryň wekillerinden gowşan 74 şikaýata seretdi.

Edara işgärleriniň aýtmagyna görä, geçirilen barlaglar netijesinde 555 arzaçynyň haýyşlary kanagatlandyryldy, şonça adamyň şikaýaty bolsa ret edildi. Resmiler bu ýyl özlerine ýüz tutanlaryň sanynyň az bolandygyny aýtdylar.

Täjik hökümetiniň ýanyndaky Dil we terminologiýa komitetiniň hünärmenler topary 2015-nji ýylda täze doglan çagalara dakylyp biljek täjik atlarynyň bitewi sanawyny taýýarlady. Bu sanaw şondan iki ýyl soň çap edildi.

Oňa täjik, rus we iňlis dillerinde ýazuw görnüşleri görkezilen üç müňden gowrak adam ady girýär. Täjik çagalaryna dakylýan milli atlaryň sanawynyň her ýyl täzelenýändigi habar berilýär.

Milli azlyklaryň wekillerine, kadadan çykma hökmünde, öz medeniýetine we milli däp-dessurlaryna laýyklykda, öz çagalaryna dakjak atlaryny öz meýillerine görä saýlap almaga rugsat berilýär.

XS
SM
MD
LG