Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tokaýew Berdimuhamedowyň Türkmenistanda irki saýlaw geçirmek kararyny goldady


Kasym-Žomart Tokaýew

Kasym-Žomart Tokaýew Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji martda Türkmenistanda irki prezident saýlawlaryny geçirmek baradaky kararyny goldady diýip, hökümetçi “Türkmenportal” neşiri Gazagystanyň prezidentiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

"Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň prezidentine tüýs ýürekden hormat goýýandygyny we Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdan daşary prezident saýlawlaryny geçirmek baradaky kararyny goldaýandygyny" aýtdy diýip, Gazagystanyň baştutanynyň metbugat gullugynyň habarynda bellenýär.

Türkmenistanyň parlamenti 12-nji fewralda, prezident we Halk maslahatynyň başlygy G.Berdimuhamedow ýaşlara orun bermek niýetini bildirenden soň, 12-nji martda irki saýlawlaryň geçiriljekdigini yglan etdi.

Berdimuhamedow mejlisde eden çykyşynda iki palataly mejlis döredilenden soň eýelän täze wezipesini, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň başlyklygyny saklap galjakdygyny ýaňzytdy.

Kassym-Žomart Tokaýewiň sözlerine görä, Türkmenistanyň lideriniň ägirt uly syýasy we durmuş tejribesi, şübhesiz, bu döwletiň gülläp ösmegine gulluk eder.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG