Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Serdar Berdimuhamedow prezidentlige dalaş edýär


Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow prezident wezipesine dalaşgär hödürlendi. Bu barada Reuters habar agentligi Salamnews neşirine salgylanyp habar berýär.

Salamnews neşirine görä, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan prezidentlige dalaşgär hödürlenýär. Ol özüniň prezidentlik wezipesine dalaşgärligini tassyklapdyr.

14-nji fewralda Aşgabatda Demokratik partiýanyň nobatdan daşary IX gurultaýy geçirildi. Gurultaýda Türkmenistanyň prezidentligine dalaşgärlige hödürlenýän Serdar Berdimuhamedow özüniň maksatnamalary boýunça çykyş edipdir.

Halk Maslahatynyň anna güni geçirilen nobatdan daşary mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "döwleti dolandyrmakda ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýändigini" aýdyp, prezident wezipesinden aýrylmak niýetini mälim etdi.

64 ýaşly Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýyl mundan ozal pygamber ýaşyny arka atandygyny ýatladyp, özüniň mundan beýläk Halk Maslahatynyň başlygy wezipesine üns gönükdirjekdigini aýtdy.

Munuň yz ýany, Türkmenistanyň parlamentiniň aşaky palatasy 12-nji martda prezident saýlawlaryny geçirmek barada karar kabul etdi.

Merkezi saýlaw komiteti dalaşgärleri hödürlemek işleriniň 14-nji fewralda başlaýandygyny yglan etdi.

40 ýaşly Serdar Berdimuhamedow prezidentiň ýeke-täk ogly bolup, ol geçen ýylyň fewralynda wise-premýer wezipesine bellenilmezden ozal, soňky birnäçe ýylyň içinde, yzly-yzyna ýokary wezipelere bellenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow 2006-njy ýylyň dekabryndan tarpa-taýyn aradan çykandan soňra häkimiýet başyna geldi.

Halkara synçylara görä, Türkmenistanda şu wagta çenli geçirilen saýlawlaryň hiç haýsy erkin we adatly hasaplanmady.

Türkmenistan demokratiýa boýunça halkara hasabatlarda yzdaky orunlary eýeleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG