Rus goşunlarynyň Ukraina garşy bolup biljek operasiýa taýýarlygy iş ýüzünde tamamlandy ýa-da ýakyn günlerde tamamlanar.
Konflikt aňtaw toparynyň (Conflict Intelligence Team) barlagçylary bu habary rus goşunlarynyň Ukrainanyň serhedinde jemlenmegine edilen gözegçilige esaslanyp tassyklaýar.
Birinji gün bu topar açyk çeşmelere, ilkinji nobatda hem harby tehnikanyň bir ýerden başga ýere geçirilmeginiň wideolaryndan çykarylan netijelere esaslanýan jikme-jik hasabat çap etdi.
Hasabatda tassyklanylmagyna görä, bu ýerde diňe Russiýanyň gury ýer goşunlary barada däl, eýsem awiasiýa, harby-howa güýçleri, deňiz güýçleri we milli gwardiýanyň goşunlary barada-da gürüň edilýär.
Hasabatda rus goşunlarynyň uly böleginiň, şol sanda desantçylaryň, Belarusdaky giň gerimli türgenleşige gatnaşmak üçin, ondan-oňa geçirilişi barada gürrüň berilýär.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.