Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet dumasy "DHR" we "LHR" garaşsyzlygyny ykrar etmek haýyşy bilen Putine ýüzlendi


Russiýanyň Döwlet dumasynyň binasy
Russiýanyň Döwlet dumasynyň binasy

Russiýanyň Döwlet dumasynyň wekilleri öz-özlerini jar edýän "DHR" we “LHR” sebitleriniň garaşsyzlygyny ykrar etmek haýyşy bilen prezident Wladimir Putine ýüzlenmek baradaky karara ses berdiler. Mejlisdäki ses berişlik parlamentiň web sahypasynda efire berildi.

Russiýa Federasiýasynyň Kommunistik partiýasy tarapyndan taýýarlanan resminama 351 deputat goldaw sesini berdi, 16 deputat garşy çykdy, bir deputat saklandy. "DHR" we "LHR" sebitleriniň garaşsyzlygyny ykrar etmek üçin kabul edilen ýüzlenme göni prezidente iberiler.

XS
SM
MD
LG