Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkan saýlawlara taýýarlanýarka, Maryda häkimiýetler býujet işgärleriniň pasportlaryny ýygnaýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda irki prezident saýlawlarynyň geçiriljekdiginiň yglan edilmeginiň yz ýany, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki mekdeplerde we saglyk öýlerinde saýlaw kabinalary goýlup başlandy. Şol bir wagtda, Mary welaýatyndaky habarçymyz sebitde saýlawyň boljakdygyny alamatlandyrýan hiç bir hereketiň häzirlikçe göze ilmeýändigini habar berýär. Bu aralykda, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary işgärleriň pasportlaryny ýygnaýarlar. Bu ýagdaýlar barada Balkan we Mary welaýatlaryndaky habarçylarymyz maglumat berýärler.

"12-nji fewralda giçlik Türkmenbaşynyň mekdeplerinde we saglyk öýlerinde saýlaw kabinalaryny goýup başladylar. Býujet işgärleriniň arasynda heniz saýlawyň boljakdygyny eşitmedikler hem bolansoň, olar duşenbe güni, 14-nji fewralda işe gelenlerinde, kabinalary görüp geň galdylar. Olaryň arasynda "saýlaw barmy?" diýen soraglary beren işgärler hem boldy" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenbaşyly býujet işgäri habarçymyza gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, Marydaky habarçymyz welaýatda saýlawlara taýynlyk görülýäne meňzemeýändigini, onuň boljakdygyny alamatlandyrýan hiç bir hereketiň häzirlikçe göze ilmeýändigini habar berýär.

Saýlawa bir aýdan hem az wagtyň galandygyna garamazdan, Mary şäheriniň köçelerinde dalaşgärleriň plakatlary hem ýok. Umuman, ilat köpçüligine ne saýlawyň boljakdygy, ne-de saýlaw kampaniýasy barada maglumat berilýär.

"Gurbanguly Berdimuhamedow prezidentlige saýlanan döwründe şäherlerde we etraplarda prezidentlige dalaşgärleriň plakatlary, afişalary asylýardy. Bu gezekki saýlawlaryň öň ýanynda bolsa, sessizlik agdyklyk edýär we adamlar öz işleri bilen başagaý" diýip, maryly ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, habarçymyz şäheriň merkezi "Mollanepes" köçesiniň ugrunda polisiýa işgärleriniň sanynyň örän köpelendigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, olaryň aglabasy köçäniň ugrunda ýerleşýän welaýat häkimliginiň binasynyň golaýynda ýerleşdirilipdi.

Mundan başga-da, ol edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň işgärleriň pasportlaryny ýygnaýandygyny we olary iki günden soň yzyna gaýdyp berýändigini hem habar berýär.

Edara ýolbaşçylary bu çäräniň sebäpleri barada hiç hili düşündiriş bermeýärler. Ýöne işgärleriň ençemesi munuň sebäbini "häkimiýetler biziň irki prezident saýlawlaryna gatnaşandygymyzy öňünden sanawa alýana meňzeýär" diýip düşündirýärler.

Azatlyk bu çäreler barada Mary welaýat we şäher häkimliklerinden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 15-nji fewralda ýerli wagt bilen ikindin wagty telefon arkaly eden synanyşyklary netije bermedi.

Bu aralykda, maryly habarçymyz irki saýlawlaryň geçiriljekdiginiň yglan edilmeginiň bazarlardaky azyk we senagat harytlarynyň bahalaryna heniz täsir ýetirmändigini habar berýär. Ýöne onuň sözlerine görä, köp adam saýlawyň geçiriljek wagtynyň golaýlamagy bilen, harytlaryň we dollaryň gara bazardaky nyrhynyň aşaklamagyna garaşýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen nobatdan daşary mejlisinde eden çykyşynda iki ýyl mundan ozal özüniň pygamber ýaşyny arka atandygyny ýatladyp, döwleti dolandyrmakda ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul hasaplaýandygyny aýtdy.

Prezidentiň bu çykyşynyň yz ýany, parlamentiň aşaky palatasy 12-nji martda irki prezident saýlawlaryny geçirmek barada karar kabul etdi. Şondan soňra Merkezi saýlaw topary 13-nji fewralda geçiren ýygnagynda Türkmenistanda saýlaw kampaniýalaryna badalga berip, prezidentlige dalaşgärleri hödürlemek işleriniň 14-nji fewralda başlaýandygyny mälim etdi. Şol güni Reuters habar agentligi Salamnews neşirine salgylanyp, prezidentiň ýeke-täk ogly Serdar Berdimuhamedowyň prezident wezipesine dalaşgär hödürlenendigini habar berdi.

Soňky birnäçe ýylda Türkmenistanda häkimiýetiň prezidentden onuň ogluna geçiriljekdigi baradaky çaklamalar dyngysyz öňe sürüldi.

Türkmenistan demokratiýa boýunça halkara hasabatlarda yzdaky orunlary eýeleýär we halkara synçylar ýurtda şu wagta çenli geçirilen saýlawlaryň hiç haýsyny erkin we adatly hasaplamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG