Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Özbegistan migrantlar üçin ýörite otly we awtobus gatnawlaryny gurnar


Bezeg suraty


Özbek häkimiýetleri Gazagystanda we Russiýada gazanç etmäge gidýän raýatlar üçin täze gatnawlary açmak tagallalaryny edýär diýip, Iş we zähmet gatnaşyklary ministriniň orunbasary Zakir Umarow Podrobno.uz neşirine aýtdy.

Onuň sözlerine görä, munyň üçin Özbegistanyň prezidentiniň gol çekjek kararynyň taslamasy eýýäm taýýarlandy. Resminama ýakyn wagtda kabul edilmeli.

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň görkezmesi boýunça, hökümet degişli ministrliklere we pudaklara, raýatlaryň syýahat isleglerini nazarda tutup, halkara ugurlarynda yzygiderli ýolagçy awtobus gatnawlaryny guramak baradaky tekliplerini fewral aýynyň aýagyna çenli Ministrler kabinetine bermek tabşyryldy.

Neşiriň maglumatyna görä, Buhara sebitinden Russiýa yzygiderli awtobus gatnawlaryny guramak meselesi ýurduň prezidentiniň golaýda bu sebite eden sapary wagtynda gozgaldy.

“Diňe zerur ýerlere awtobus gatnawlaryny köpeltmek bilen çäklenmän, Gazagystanyň we Russiýanyň sebitlerine täze demir ýol gatnawlaryny açmak we otlylara goşmaça wagonlary birikdirmek mümkinçiligi hem nazarda tutulýar. Munuň üçin Russiýanyň demirýol edaralary bilen hem gepleşik geçirilýär” diýip, resmi aýtdy.

Şeýle-de ol Özbegistanyň awtobuslarynyň ýakyn wagtda raýatlaryň Gazagystanyň üsti bilen Russiýanyň şäherlerine we hatda beýleki ýurtlara tranzit gatnawlaryny amala aşyrmagyna hem hyzmat etjekdigini belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG