Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň prezidenti on gün içinde ilata 350 000 goýun-geçi paýlamagy buýurdy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 16-njy fewralda maldarçylygy ösdürmek barada maslahat geçirip, hyzmatdaşlyk esasynda, on gün içinde ilata 350 000 goýun-geçini paýlamagy tabşyrdy.

Prezident ilata goýun-geçi paýlamak üçin döwlet býujetinden 100 million dollar bölünip beriljekdigini aýtdy.

Pudak emeldarlary, sebitleriň we etraplaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde, bir hepdäniň içinde 67 sany iri we ownuk mallar fermasyny döretmeli.

Sebitleriň ýolbaşçylarynyň maldarçylyk hojalyklarynda ýylda 150 000 adamy işe almagyna garaşylýar.

Şawkat Mirziýoýew ozal ilata towuk, gaz we ördek paýlamak tabşyryklaryny berip, guşçulygy ösdürmek, ýerden has oýlanyşykly peýdalanmak arkaly, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak baradaky kararlary kabul edipdi.

Şu günki güne çenli halk köpçüligine bu kararlar netijesinde gazanylan töwerekleýin ösüş barada ygtybarly maglumat berilmedi.

XS
SM
MD
LG