Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan Gürjüstana bir ýylda 190 million dollarlyk nebit önümlerini iberdi


Türkmen geçirijileriniň kartasy

Türkmenistanyň 2021-nji ýylda Gürjüstana eksport eden nebitiniň we nebit önümleriniň umumy bahasy 191,8 million dollar boldy diýip, hökümetçi “Türkmenportal” Azerbaýjanyň “Trend” neşirine salgylanyp habar berýär.

“Trendiň” Gürjüstanyň milli statistiki gullugyna salgylanyp ýazmagyna görä, bu Türkmenistanyň gürjüstana 2020-nji ýyldaka garanda 186,2% köp nebit önümini eksport edendigini aňladýar.

Gürjüstany nebit we nebit önümleri bilen üpjün etmek mukdar taýdan hem 103,1% ýokarlandy, ýagny 149,711 tonna bolanlygyndan 304,193 tonna çenli artdy diýip, habarda bellenýär.

Şeýlelikde, Türkmenistan 2021-nji ýylda Gürjüstana nebit we nebit önümlerini iberýän esasy ýurt bolup, bu meselede Ikinji orunda durýan Russiýadan (134,6 million dollar), üçünji orunda Rumyniýadan (133,7 million dollar) öňe geçdi.

Şeýle-de, hökümetçi neşiriň maglumatyna görä, Türkmenistan GDA-nyň çäginde benziniň iň arzan döwleti bolup galýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG