Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Russiýa 'uruş ýolunda' diýýär, Ukraina ýaraşyk düzgünleriniň bozulmagynyň gürelendigini aýdýar


Ukraina. Lugansk we Donetsk sebitleri. Atyşyk nokatlary
Ukraina. Lugansk we Donetsk sebitleri. Atyşyk nokatlary

Moskwanyň ýakyn günlerde goňşy ýurda çozmak üçin prowakasiýalary taýýarlandygy baradaky ABŞ duýduryşlarynyň yzysüre, Ukraina 18-nji fewralda gündogarda Orsýet tarapyndan goldanýan separatistleriň ýaraşyk düzgünlerini bozmagynyň birden gürelendigini aýtdy.

Ukrain harbylarynyň hasabatynda aýdylmagyna görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýaraşyk düzgünleri azyndan 60 gezek bozuldy we bir esger ýaralandy.

Harbylar separatistleriň agyr artilleriýa, minomýot we tank ulanyp, 10-dan gowrak oba ot açandygyny aýtdylar.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 18-nji fewralda, çagalar bagy oka tutulyp, iki sany asuda adamyň ýaralanandygy aýdylandan soň, hökümet güýçlerini we separatistleri bölýän liniýadaky top atyşlygynyň kesgin köpelmegini "uly prowokasiýa" diýip atlandyrdy.
.
Ukraina 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri ýurduň gündogaryndaky separatistlere garşy söweş alyp barýar, bu konflikt azyndan 13200 adamyň ölmegine sebäp boldy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken 17-nji fewralda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine Russiýanyň “söweş ýoluna düşýändigini”, emma Ukrainanyň golaýynda toplanan goşun bölümleri bilen baglanyşykly krizisi çözmegiň ýeke-täk ýolunyň diplomatiýa bolup durýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG