Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polisiýa: Pakistanly žurnalist Karaçi şäherinde atylyp öldürildi


Žurnalist Athar Matiniň awtoulagynyň galyndysynyň ýanyndan duran harby. ,

18-nji fewralda Pakistanyň iň uly şäheri Karaçide 45 ýaşly žurnalist ýaragly adamlar tarapyndan atylyp öldürildi.

Polisiýa hususy “Samaa” habar kanalynda işleýän Athar Matiniň çagalaryny mekdebe eltip, öýüne gaýdyp gelýän wagtynda, gümürtik ýagdaýda öldürilendigini habar berdi.

Şaýatlaryň käbiri onuň, motorly iki adam geçegçiniň zatlaryny aljak bolanda, awtoulagyny olaryň üstüne sürendigini aýdýarlar. Beýlekiler bolsa, Matiniň özüniň talaňçylygyň nyşany bolandygyny we awtoulagyna münüp, hüjümçilerden gaçmaga synanyşandygyny aýtdylar.

Polisiýa hüjümçileriň biriniň Matiniň awtoulagyna ot açyp, ony öldürendigini aýtdy. Polisiýanyň beren habaryna görä, hüjüm edenler soň başga bir adamyň motoryny alyp, gaçyp gidipdirler.

Içeri işler ministri Şeýh Raşid Ahmed wakanyň nähili ýagdaýda bolandygyny anyklamak üçin derňew geçirmegi buýurdy.

Pakistanyň takmynan 15 million ilatly port şäheri Karaçi köçe jenaýatlarynyň gürlügi bilen tanalýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG